10.11.2023 Döredijilik166 .

Akylly mugallym, akylly çözgüt


Bir öýde ýaşaýan dört sany talyp oglan irden ýatyp galyp, matematika dersinde synaga gijä galyp barýar. Soňra ders mugallymynyň ýanyna baryp, okuwa gelýärkäler münen ulaglarynyň tigriniň ýarylandygyny aýdýarlar we mugallymdan aýratyn synag almagyny haýyş edýärler.

Tejribeli mugallym olaryň synpyň her burçunda biri-birinden aýratyn oturmagyny we kagyz-ruçkalaryny taýýarlamaklaryny talap edýär.

— Bilşiňiz ýaly, synagdan geçmek üçin azyndan 50 ball gazanmaly. Size bäş sorag berjek, olaryň dördüsine 10 ball, soňky bäşinji soraga 40 ball berjek — diýip, ol aýdýar.

Synaga gijä galyp gelen talyp oglanlar nähili sorag berlerkä diýip sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Mugallym dört sany aňsat soragy berýär. Muňa begenip jogap ýazan talyp oglanlar soňra bäşinji soragy ýazmaga howlukýarlar. Bäşinji sorag “Synaga gijä galmagyňyza sebäp bolan ulagyň haýsy tigri ýaryldy?” diýen sowal eken.

Türk dilinden terjime eden
Gülşat ALAŞAÝEWA.
Mary şäherindäki 18-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 09.11.2023

Tmpedagog