26.10.2023 Döredijilik186 .

Ýagşy söz älemi ýyladar


Türkmen maşgalasynda çagalara ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy, öý-hojalyk işlerine kömekleşmegi kiçiliginden öwredip başlaýarlar. Ene-ata perzendine il-günüň derdine ýaraýan, dogry sözli, zähmetsöýer, ak ýürekli, ynsaply, mert adam bolmagy öwüt-ündew edýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem ýaşlarda belent adamkärçilik sypatlaryny terbiýeleýän öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar görnükli orny tutýar. Akyldar şahyrymyz bu mowzukda ençeme goşgulary ýazypdyr. Olardan «Janyna degmez», «Durasyň geler», «Paş eder seni», «Aýrylma» ýaly şygyrlary aýdym bolup, türkmen bagşylarynyň dilinde ýaňlanýar. Şahyr bu şygyrlarynda bütin adamzada mahsus bolan gowy gylyk-häsiýetleri wagyz edipdir. Akyldar şahyrymyz mertleriň we namartlaryň, batyrlaryň we gorkaklaryň daşky sypatlaryny, olara mahsus bolan gylyk-häsiýetler bilen birlikde içki duýgularyndaky aýratynlyklary hem çeper suratlandyrypdyr. Şahyr «Gerekdir» diýen şygrynda:

«Mert oldur ki bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri işi gerekdir»

diýip ýigidiň giň göwrümli, pähimli, hünärli bolmalydygyny aýdýar. Ol ýigidiň ýanyndaky ýoldaşynyň hem mert bolmalydygyny öz goşgusynda nygtaýar.

Magtymguly Pyragy öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynda milli däp-dessurlarymyzyň ähmiýeti barada düşündiriş beripdir. Aýratyn-da ol dostlugy, dogruçyllygy, wepalylygy, myhmansöýerligi ynsanyň naýbaşy häsiýetleri diýip belläpdir. Şahyr «Göze myhmandyr» atly şygryndaky:

«Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr»

diýen setirlerinde çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp, göwnaçyklyk, myhmanparazlyk barada öz pikirini has aýdyň beýan edýär.

Şahyryň şygyrlarynyň her setirinde giň we çuň many jemlenýär. Onuň öwüt-nesihat häsiýetli eserleriniň haýsy birini alsaň-da, şeýle giň manyly, halk köpçüligine düşnükli, sagdyn pikirlere baýdygyna göz ýetirýärsiň.

Şu günler ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden bellemäge taýýarlyk görülýär. Şu mynasybetli biz hem mekdebimizde «Magtymguly Pyragy» muzeýini döretdik. Muzeýimizde şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryny, onuň ömri we döredijiligi barada ýazylan dürli gollanmalary ýerleşdirdik. Häzirki wagtda biz halypa bagşylardan, şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan adamlardan Magtymguly atamyzyň entek çap edilmedik şygyrlaryny ýygnap başladyk. Olary toplap aýratyn kitapça edip çap etdirmegi meýilleşdirýäris.

Öz halkyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammet ALLABERDIÝEW,
Köýtendag etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 26.10.2023

Tmpedagog