Gyz edebi
Asyllydyr her işde, görseňiz türkmen gyzy,
Mylakatly, mähirli sözleşseňiz edepdir.
Siz ýylgyryp baksaňyz, joşar köňülleň ýazy,
Göreni bendi edip, gürleşseňiz edepdir.
Ýeňňeden edep görüp, eneleň pendin alan,
Baran ýeri gülzarlyk, bagy-bossana dolan,
Hyzmatyna gaýymdyr, hakyt özünden bilen,
Uly bilen sylagly, barlyşsaňyz edepdir.
Edep bilen edaly, deň-duşundan saýlanar,
Eneleriň ýaşlygy siziň bilen aýlanar,
“Şeýle perini görsem” diýip, her kim oýlanar,
Birek-biregi goldap, çözlüşseňiz edepdir.
Bu dünýäň gözelligi etsin sizlere güzer,
Namysyň ýüpek bolup, ýaman etmesin nazar,
Waspyňyz dilden goýman, şahyr gazallar ýazar,
Ýazlar kibi ýaýylyp, ýazlyşsaňyz edepdir.
Şahyry maýyl eder, gülden görkli keşbiňiz,
Merdana ýigitleri biparh goýmaz yşkyňyz,
Göýä Erem bagydyr, siziň köňül köşgüňiz,
Salyhatly, sypaýy ýüzlenşiňiz edepdir.
Maral BERDIMYRADOWA.
Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 06.03.2025