07.03.2025 Döredijilik298 .

Ene we ýaz


Mähir-muhabbetin paýlap her kime,
Pasyllaň soltany bahar gelipdir.
Görenleri bendi edip görküne,
Pasyllaň soltany bahar gelipdir.

Ýaz ýaşaýşyň hamyrmaýasy bolup,
Janlandyryp topraga jan beripdir.
Gül-gunçaly ýaşyl köýnegin geýip,
Pasyllaň soltany bahar gelipdir.

Göwünleri söýgi doly gözeller,
Gözelligiň döreýşine sebäpdir.
Dünýämiz al-elwan güle beslenip,
Pasyllaň soltany bahar gelipdir.

Baglanşyk bagy bar enedir ýazda,
Ikisi-de ýaşaýyşa sebäpdir.
Eneler ynsanyň ömrün bezese,
Ýaz ene dek tebigaty bezäpdir.

Aýlar BADAÝEWA.
Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
23-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 06.03.2025

Tmpedagog