Bahar gelende
Gamçyňy çawlama, ýelýürek şemal,
Bu gün gögüň Ýere yşky düşüpdir.
Ýyly girip, parç bolan gül zemine
Täze ýaşaýşyň keşbi düşüpdir.
Bimaza topragyň halyna dözmän,
Dilim-dilim etdi Gün öz seçegin.
Gök nagrasyn kakdy, az gören deýin,
Damjalary monjuk ýaly seçenin.
Duýgular kalbymda pyntyk ýarypdy,
Pikir peýda bolýar kömelek deýin.
Erik şahalaryna «gonan» ak güller,
Tebil tapaýmasyn kebelek deýin.
Doldur, gaýta, atyr ysly güllerden,
Bahar gelniň mähre mätäç gujagyn.
Ine, häli Nowruz gelse äleme,
Göwnihoş halatda ýazar saçagyn.
Her paslyň häsiýeti özüne mahsus,
Her kimem kesbinden tapýandyr kemal.
«Bu zemine bahar gelipdir» diýip,
Gülleň gulagynda pyşyrda, şemal!
Allamyrat SAZAKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
84-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 27.02.2025