25.02.2025 Döredijilik286 .

Edep bilen bagt tapylar...


Halkymyz terbiýe meselesine inçelik bilen çemeleşýär. Ata-babalarymyz öz perzentlerini süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, ynsaply, edep-ekramly, işeňňir edip ýetişdirmek üçin elinden gelenini gaýgyrmandyr.

Terbiýäniň, esasan-da, görüm-göreldäniň üsti bilen amala aşyrylýandygyna göz ýetiren pederlerimiz şeýle diýipdirler: «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz», «Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar», «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz», «Akylly ogul hümmetli, akylly gyz gymmatly», «Är toplar, aýal saklar», «Äriň ýagşysy ile geňeşer, aýalyň ýagşysy äre» ýaly halk nakyllary adamyň ruhy dünýäsi bilen baglydyr. Milli ruha biziň ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribesinden başga-da, halkyň däp-dessury, edim-gylymy, nakyldyr atalar sözi, aýdym-sazy, halk döredijiligi, dini we syýasy garaýyşlary hem degişli bolup, olar milletiň ruhy dünýäsiniň näderejede baýdygyny görkezýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, ata-babalarymyzyň ruhy mirasyna ser salalyň:

* Adam durmuşda üç zatda: kär, söwer ýar hem ýer saýlanda ýalňyşmajak bolmaly.

* «Salam — edebiň başy», «Salamdan soň kelam» diýlen bolsa-da, pederlerimiz käbir ýerde — bosagada, patada, öwlüýäde, namazlygyň üstünde, hammamda, hajathana ýolunda elleşip salamlaşmazlygy wesýet edipdir.

* Adamyň ruhuna täsir edýän esasy bäş zat bar, olar: söz, aýdym-saz, pul-baýlyk, wezipe, söýgi.

* Durmuşda dört zady — jany, zehini, abraýy, söýgini satyn alyp bolmaýar.

* Çaga terbiýesine zeper ýetirýän üç zat bar: artykmaç söýgi, artykmaç öwgi, artykmaç pul.

* Halkymyzda Watanyň üstüne howp abananda, söweş meýdanyny taşlap gaçmak, ene-atany ynjytmak, naçaryň, ýetimiň hakyny iýmek bagyşlanylmaýan günä iş hasaplanylýar.

* Il-ulsuny sylan, öz hetdini bilen, bilimi we zähmeti söýen, ejizi goldan, märekede az sözlän kişi mertebä ýeter.

Maýa GOÇMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki Ýunus Emre adyndaky
47-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 21.02.2025

Tmpedagog