25.02.2025 Döredijilik277 .

Watan söýgüsi


Beýik ynsanlaryň ömür ýollary mukaddes mekdep. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri-de Keýmir serdardyr. Şu ýerde mekdep döwrümde Keýmir serdar barada okan bir rowaýatymy getirmegi makul bildim:

Günlerde bir gün Keýmir serdar ýigitleri bilen obanyň çet-gyrasynda ýaşaýan biriniň täze dünýä inen ogluny gutlap, toý pişmesinden datmaga baran eken. Olary uly hormat bilen garşy alypdyrlar. Olar toý pişmesinden dadyp, ýagşy dilegler edip turmakçy bolanlarynda, bäbejigiň aglaýan sesi eşidilýär. Muny eşiden Keýmir serdar: «Haý, sesiňden aýlanaýyn, bala!» diýip, buýsançly dillenýär.

Ýigitler atlaryna atlanyp, yzlaryna dolanyp gelýärkäler, olaryň biri soramagyň ebeteýini tapman, Keýmir serdara şol soragly nazaryny aýlap gelýär. Muny aňan serdar:

— Ýeri, goçum, gözleriň-ä bir zat sorajak bolýana meňzeýär. Çekinme-de soraber — diýýär.

— Keýmir aga, her sapar şular ýaly, täze dünýä inen çagany göreniňizde, öz ogluňyz bolan ýaly, çyn ýürekden begenip, uzynly günüňizi şadyýanlykda geçirýärsiňiz — diýip, ýaňky ýigit serdara seredýär.

— Heý, goçum, men türkmeniň ýene bir goç ýigidiniň dünýä gelenine begenýän. Nesip bolsa, ýigit çykyp, Watanyny janyndan zyýada görüp gorajagyna, söýjegine, merdana nesillerimiziň dowamat-dowam boljagyna begenýän — diýip, Keýmir serdar jogap beripdir.

Ýaş ýigit Keýmir serdaryň edermenlikden, ugurtapyjylykdan, akyl-paýhasdan başga-da, çagaňky ýaly päk ýüregine, aşa watansöýüjiligine haýran galypdyr.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 21.02.2025

Tmpedagog