Kalbyňy ýyladýan pasyl (Şahyrana oýlanma)
Dünýäniň keşbine keşde çekip, daglaryň egnine ýaşyl kürtesini ýapyp, baglara güllerini patrak deý sepip, seleň sähralaryň maňlaýyndan öpüp, bahar gelýär. Men her gezek baharyň gelşini synlanymda, kalbym ýylap, edil käbämiň gujagyna dolan ýaly duýgyny başdan geçirýärin.
Tebigat bilen adam häsiýetleriniň arasynda täsin sazlaşygyň, üýtgeşik bir baglanyşygyň bardygy baradaky pikirleriň aňyrsynda hakykatyň ýatandygyna ynamym artýar. Hemişe baharyň şeýle pursatlary göz öňümde janlanýar: depäňde lemmer-lemmer bolup, asmanyň ýüzüne özboluşly nagyş çeken bulutlar biri-birine gysmyljyrar. Birdenem ýyldyrym töwerege üýtgeşik şugla saçyp, ujundan alaw syçraýan gylyjyny aýlap goýberer welin, Arşyň ýüzünden tukatlyk aýrylyp ötägider. Daglaryň depreginiň gümmürdisine goşulyp, ýagyş ýagyp başlar. Onuň ýagşy juda üýtgeşikdir. Ol giň sähradaky gyş ukusyndan entek doly oýanyp ýetişmedik aňňat-aňňat gum depeleriniň gerşine kümüşsöw dänelerini sepeläp-sepeläp ýagar. Ýaz şemalynyň birneme pessaýlan sesinde, ýagyş damjalarynyň şybyrdysynda şahyr kalbynyň owazy duýlar.
Gök gübürdäp, depregini çalandan soňra gadymy daglar ýaz ýagşyna ýuwunýar, topragyň keşbi bolsa al-ýaşyla bürenip, gülleriň nepis nagşy tebigata nur saçýar. Bahar gelende dal-daragtlar bezenýär, hyjuwly meýdanda gülleriň ysy bark urýar, sähra-düzler läle-reýhana beslenip, ynsan kalbyna gözellik duýgusyny çaýýar. Bu ajaýyp pursatlar her bir ynsanyň kalbyny heýjana salyp, bagt paýlaýar.
Bahar — ýaşaýşa ylham berýän gözellik. Baharyň mylaýym howasy janyňa şypa, derdiňe derman. Beýik Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragynda baharyň ýyly demini her ädimde duýmak bolýar. Asmandan inýän ýagmyrlar ene topraga tenekar bolup siňýär. Nurly Gün bolsa bu barlygy mähirli demi bilen emleýär. Bu gözellige-gülzarlyga maýyl bolan guşlar bahary buşlap, müň dürli owaz bilen nagma kakýarlar. Şeýle pursatda adamlary ruhubelentlik, egsilmez joşgun gurşap alýar. Tebigat we onuň gözellikleri ynsan üçin ylham çeşmesine öwrülýär.
Bahar pasly gelende, daýhanlarymyz ýagşy umytlara we päk arzuwlara beslenip, ene topraga bereket tohumyny sepýärler we her tohumyň müňlemegini, rysgal akabasynyň dolup-daşyp akmagyny dileg edýärler. Bu pasylda baglar aladasy ýetik bagbanlara baş atyp, bezemen gelin mysaly güllere beslenýärler, bagbanlaryň oturdýan täze ýaş nahallaryna öz perzendi kibi buýsanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär.
Şol pursatlarda kalbyňy dünýäniň yşky joşdurýar, gülleriň müşki-anbar ysy başyňy sämedýär. Gök asmany durnadyr gazlar, ynsan kalbyny şirin owazlar, goja dünýäni bolsa nowjuwan ýazlar bezeýär.
Rozygül APBAKOWA,
Hojambaz etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy,
ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 20.02.2025