30.01.2025 Döredijilik309 .

Öýkelekden dost bolmaz (Rowaýat)


Jopban aganyň Hangeçende Jepi jarça çekdiren toý çakylygy Pendidir Üňüz, Dostalandyr Şirşütür aralyga ýaýrap gitdi. Ýalan çelpek güni garadaňdan gelen odunçydyr suwçular, aşpezlerdir çaýçylar Täze guýynyň alkymyndaky Daljyganyň takyrynda goş basdy. Hyzmata gaýym ýigitler bolsa, örme gamyşly telärlerdir alty ganat ak öýleri, han çadyrdyr örük öýleri gurnap, otuz sany ojak gazyp, gazan atardylar. Dilewar toý beýemçisi: «Toý-toý bolar. Ýagşy geler, ýaman geler. Ýüwrük geler, çaman geler. Goçak pälwan, gedem geler. Şowhun toýuň nagşy bolar, hoş owazly bagşy bolar” diýip süýji sözläp, ýörşüne myhmanlary mertebesine görä ornaşdyryp ugrapdyr.

Gelenleri gadyrly garşylaýan Jopban baý oglanlyk dosty Gul Beşere gözi düşende bir säginýär. Gujak açyp görşenlerinde Gul Beşer Jopbanyň gulagyna aňylar-aňylmaz pyşyrdaýar: «Çagyrmasaňam geläýendiris». Müýnürgäp duran Jopban aljyrap, içki joşgunyny ýüze çykarýar: «Bagyşla dost! Başagaýlyk bilen ýatdan çykypdyr. Sarpamy saklap geleniňe Alla ýalkasyn». Şol aralykda bir kelpeziň çylkasyz gürrüňi gulaga çawup gitdi: «Päheý-de welin, göwresi pälwan sypat, geýnişi begler pisint bolansoň şahuserdir öýtdük. Asyl, ol-a «Çagyrylan ýere bar, irinme, çagyrylmadyk ýere barma, görünme” diýleninem bilmeýän öýdeçi serbeser eken». Gülkä derek ara düşen agyr dymyşlygy Gulak pälwanyň gazaply haýkylygy bozdy: «Diliň başyňa bela bolaýmasyn. Türkmen ol-a myhmany eken, myhmanynyň itine-de degdirýän däldir. Gul Beşer gara başyň hormatyna gelen geçirimli şahuserdir. Ine, sen welin, gara garnyň üçin gelip, gep gözläp toý bulaýan derdesersiň»...

Goh ula gider öýden bir goja: «Märekede adam utandyrmak günädir. Ile goşulyp el göterip, ýagşy dileg etmek sogapdyr» diýende, ýene bir aksagal goja: «Günäňi-sogaby-ňa bilmedik welin, köne türkmençilik ýörelgesinde myhman-a ataňdan uludyr. Saý-sebäp bilen çagyrylmasa-da, ilden eşideni bilen oňup, dost sarpasyny öýke-kineden belent tutup, toýa geleniň bolsa gözümiziň üstünde orny bardyr. Gyzgyn gatnaşykly öýkelek däl dostlara öýüňem, ýüregiňem töründen ýer bermek türkmeniň gadymy däbidir. Onsoňam Magtymguly şahyryň: «Akyl bolsaň märekede az sözle» diýeni gulagyňyzdan gitmesin...».

Gojanyň sesi pessaý çyksa-da, nesihaty belent ýaňlandy.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy,
TDP-niň işjeň agzasy, mirasgär.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 30.01.2025

Tmpedagog