Okamak höwesi (durmuş pursaty)
Çaga wagtym Russiýanyň bir şäherinde bolanymda metrodyr awtobuslardaky adamlaryň ünsüni sowman, höwes bilen kitap okap oturyşlary meni diýseň geň galdyrypdy. Olaryň içinde hatda ýöräp barýarka okaýanlary hem bardy. Dogrusy, bu görnüş mende kitap okamaga bolan uly söýgini oýardy. Şondan soň meniň bu höwesim endige öwrülip gitdi. Sähel boşadygym bar höwesim kitap okamak boldy. Käte okap oturan ýerimde irkilip ýa uklap galan wagtym hem az bolmandy. Şunluk bilen men deň-duşlarymyň içinde iň köp kitap okaýanlaryň biri bolup saýlandym. Şonuň üçin mugallymam bir kitap hakynda gürrüň etjek bolsa, ilki meniň adymy tutardy, guwanýandygyny aýdardy. Kitaply dünýä bolsa söz bilen beýan ederden gyzykly we çuňdy.
Bir gün özüm hem duýmazdan, kitap okap otyrkam biraz bozulandyryn-da, gözüm ýaşarypdyr. Muny gören ejem başymy sypap, näme bolýandygyny sorady. Men jogap berip bilmän, ýene şumjardym. Çünki kitapdaky waka özüm ýaly bir gyzjagazyň durmuşy bilen baglanyşyklydy. Bu barada aýdyp berenimde ejem maňa: «Özgäniň ykbalyna gynanyp bilýän bolsaň, balam, sen hökman akylly gyz bolup ýetişersiň» diýipdi. Ejemiň bu sözi aýdany bäri 40 ýyl çemesi wagt geçdi. Ýöne ejemiň şol ýyly sözleri hiç ýadymdan çykanok. Gaýtam, ýaşym bir çene barsa-da kitap okamaga bolan höwesime höwes goşýar.
Kitap meni maksat-myradyma-da ýetirdi. Meniň mugallymlaryň berýän sapaklaryny ünsli diňläp, şolar ýaly mugallym bolasym gelýärdi. Bir gezek men mugallym gyz hakyndaky kitaby okadym. Bu kitaby men bary-ýogy iküç sagadyň dowamynda okap çykdym. Çeperden akgynly bu kitaby okanymdan soň, mugallymçylyk kärine bolan höwesim has artyp başlady. Talyplyk ýyllarymda-da maňa, dogrusy, köp okanlygymyň we okaýanlygymyň peýdasy kän boldy. Edil häzir hem men kitaply dükanlaryň deňinden biperwaý geçip bilemok. Yhlas we zähmet siňdirilip ýazylan her kitapda bir dünýäni görüp, olary ýeke-ýekeden okap çykasym gelýär. Mugallym hökmünde okuwçylara-da esasy sargaýan zatlarymyň biri köp okamakdyr.
Maral BAÝRAMGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň mugallymy.
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 20.11.2024