Mekgejöwen golçurlary (Hekaýa)
Meret öz ýygnan otlarynyň üstüne Jojy agalardanam ýüz elli bag dagy mekgejöwen palajyny aldy. Mallar bu oty, ylaýta-da, ýagyş-ýagmyrly günlerde zat galdyrman diýseň işdämenlik bilen iýýärler. Şo günler olar süýdi-de kän berýärler.
Ýöne Jojy aganyň özümi, ogullarymy, garaz, howlugypdyrlarmy, nädipdirlermi, käýarym, baglanan palaçlarda alynmadyk mekgejöwen golçurlary duşýardy. Meret bu ullakan, sap-sary altynsow däneli golçurlary ýörite bir demir gaba ýygnap ugrady. Ol:
— Aý, bü-ýä, şeýdip üýşüberse, ýygnanyberse, bir batman dagy boluberjek. Ynha, täze ýylyň ekişine taýynjak, özem mugtja, tohumlyk boljag-a bi. Şeýdip, bi satyn alan otumyzam ýarym bahasyna düşüberjek — diýip, aýalyna ýüzlendi.
— Gowy edýäň muny, düýn menem bäş-alty golçur tapdym. Jojy aganyň nädip bi zatlary ýetişdirişine haýran men. Ol ekin ýerlerine hijem köne tam kesekden, çüýrüntgi mal dersinden özge zat ulanmaýamyşyn. Ine, bi golçury dagy görsene, kakasy, edil bilek ýaly, özem ýop-ýogyndan gelen, hersi atyň dişi ýaly dykyz däneli. Gulpagyny dagy gör-ä, muny... edil üç aýlyk owlagyň alyn gyllary ýaly. Öňňin ýygnap, çaýa demläp içdim welin, janym heziller edäýdi. Aý, bi bir gudrat diý-de, goý, kakasy!
Ine, bir gün olar daşaryk çyksalar, bäşinji synp ogullary Jojy agalardan alnan bar otlary sermeşdirip, birin-birin barlaşdyrypdyr-da, onda bar bolan ähli ululy-kiçili golçurlary bir ýere ýygnapdyr. Onsoň olary boş halta salyp, arkasyna alagada, göni ilerligine eňip barýar.
— Gyýw, Atajan, oglum, sen nirä? — diýip, ejesi gygyrdy: — Balam, arkaňdakylar näme? Ýaprak zat dagy bolsa, kakaň özi äkidip döker-ä ilerki çukanaga.
— Eje, biz Jojy agalara diňe mekgejöwen palajy üçin pul berdig-ä, şeýlemi? — diýip, soragly bakan Atajan sözüni dowam etdi: — Şeýle bolsa, onda biz bu golçurlary eýesine gaýtarmasak, gelşiksiz bolar-a. Bu barada Jojy aga eşitse, bizden öýkelär-ä, eje!
Oglan haltany arkalap, ýene ýoluny dowam etdi. Şondan öňräk sardobalarynda suw tükenip, goňşulardan dört bedre suw alnypdy. Soň özleri suw guýduranlarynda: «Hany, eje, goňşulardan alan dört bedre suwumyzy eltip bermeýäsmi?» diýip, balasynyň üstünde duranam ýadyna düşen ejesi: «Ady goýlandanmy, agyn gaýynatam pahyryň edil özi-dä bi çaga. Gaýynatam hem şeýle dogruçyl, akgöwün, halalhon, ynsaply, öz hakyna kaýyl ynsandy-da...» diýip, içini gepletdi. Yzyndanam oglunyň ýaňyja kitap okap oturan ýerine gelip sägindi-de: «Ertirden bäri baş galdyrman okaýany näme kitapka, janym?» diýibem eglip, daşyna gyzgylt mahmal çekilen küti kitaby eline aldy. Görse, ol kitap öz wagtynda gaýynatasynyňam elinden düşürmän okaýany — beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular diwany eken.
Jumadurdy GARAGULOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
47-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 07.11.2024