02.11.2024 Döredijilik111 .

Pyragy


Zerden zyýat goşgulary galdyran,
Sözi bilen özün dünýä aldyran,
Her ynsany ýagşylyga çagyran,
Köňli nurly dana şahyr, Pyragy!

Garaşsyz döwleti arzuwlap geçen,
Gudrat bilen Hakyň şerbetin içen,
Sizi şu derejä mynasyp gören,
Arkadaga çäksiz alkyş, Pyragy!

Şygyr şalygynyň soltany, şiri,
Bu gün bir suprada jem edip ili,
Toýuňy toýlaýas berk guşap bili,
Arkadagly Serdar bilen, Pyragy!

Bahargül HAJYNEPESOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 28.10.2024

Tmpedagog