02.11.2024 Döredijilik78 .

Yzçy (Hekaýat)


Gürrüň etjek wakamyz XIX asyryň aýaklarynda bolupdyr. Ol wagtlar aýak yzyny görüp, onuň kimiňkidigini aýdyp bilýän Jumaguly atly belli yzçynyň ady ile dolupdyr. Onuň bilen baglanyşykly şeýleräk bir gürrüň il içinde häzirlerem ýaşap ýör.

Bir gezek uly harasat gopup, dag eteklerinde bakylyp ýören gylýal sürüsi topbagy bilen gürüm-jürüm bolýar. Sürini gözläp golaý-goltumda barylmadyk ýer galmaýar. Bolan ýagdaý şol wagtlar ýaňy adygyp ýören Jumaguly yzça ýetýär. Ol yz çalyp, derrew süriniň giden ugruny anyklaýar. Haýal etmän, üç-dört atly bolup ýola düşýärler. Bulara goşularman başga-da kän bolupdyr, emma gylýal sürüsiniň eýesi Ryzaguly aga beýtmegi makul bilmän: «Bärden topar tutup, atly-ýaragly barsak, birine ogurlyk ýöňkän ýaly bolar. Haýsy obadan çykanam bolsa, kimiň sürüsine goşulanam bolsa, sypaýyçylyk bilen ýagdaýy düşündirmesek, gaty gelşiksiz bolar» diýýär.

Şeýdip atlylar ýola düşýärler. Bir gije-gündiz ýol ýörelensoň, yzlar dag etegindäki obalaryň birine baryp direýär. Ryzaguly aga bärden barşyna öňlerinden ilki çykan adamdan oba kethudasynyň öýüni soraýar. Oba kethudasy jelegaýda ady belli yzçy bolup çykýar. Ol myhmanlary gadyrly garşylap, saçagy giňden ýazyp, söwüş edýär. Myhmanlar mazaly dynç alanlaryndan soň, olaryň habaryny alýar. Ryzaguly aga bu gürrüňiň özüne juda agyr düşýänini aňdyryp, ýaýdana-ýaýdana söze başlaýar:

— Aýtsak, sakgaldaş, siziň adyňyzy eşidip, gaýybana tanap ýörüs. Muny aýtmagymyň sebäbi, bizem şu jelegaýa yz çalyp geldik. Has dogrusy, ýaňy adygyp ýören ýaş oglanyň çalan yzyna ynam baglap geldik. Uzyn gepiň gysgasy, hol günki harasatdan soň obamyzyň gylýal sürüsinden bir bölek tapylmady. Yzam gelip-gelip, şu obanyň deňinden geçip gidýär. Şu golaýda uly bir gylýal sürüsiniň bakylyp ýörleninem sorap-idäp bildik. Şondan soňam size bir maslahat salaly diýip gelşimiz boldy.

Ryzaguly aga sözüni tamamlaýança, kethuda Jumagulyny göz astyndan synlap oturýar. Ony aradan iki gün geçensoň, yz tapyp gelerden entek gögele saýan kethuda myhmanyň aýdanyny makullamak bilen baş atýar:

— Hormatlap, göni geleniňiz üçin Alla ýalkasyn. Ýagdaýçylykdyr, siziň aýdýanyňyz dogry bolaýmagam ahmal. Obamyzyň iküç dagy gylýal sürüsi sähralykda-da, dag eteginde-de bakylyp ýör. Çopan oglanlaryňam hemmesi o diýen tejribeli bolman, goşulan gylýaly aňlamazlygam bolup biläýjek zat. Muny gaty çalt anyklarys — diýip, goja kethuda ýaş yzça henizem müňkür nazaryny dikip oturyşyna çala ýylgyrýar. — Ýöne üýşüp, ýaş oglanyň yzyna düşüp barsak, onuňam aýdanlarynyň düýbi boş bolup çykaýsa, sakgaldaş, sendenem beter men utanaryn.

Ýaşuly yzçynyň diýjek bolýanyna derrew düşünen Ryzaguly aga:

— Wah, sakgaldaş, häliden bärem niýetimde bardy-da, şu işi birýan ýüzli edip, onsoň aýdaýyn diýip oturyşym boldy — diýip ýylgyrýar. — «Her işde bir haýyr bar» diýlişi ýaly, şu ýagdaýdan bir bähbidem tapaýsag-a, kem bolmazdy. Siz bir ady ýurda belli yzçy. Ökde yzçam setanda-seýranda döreýär. Biziňem yzçymyza göwnümiziň ýetişine-hä söz ýok welin, özüňizem bir synagdan geçirägede, ak pataňyzy beräýseňiz-ä, gaty ýerine düşerdi.

Şeýlelikde, kethuda Jumagulyny synagdan geçirermen bolýar. Ol hyzmata gaýym bolup oturan oglanlara derrew on sany täzeje köwşi satyn alyp getirmegi tabşyrýar. Soňra Jumagulynyň gözlerini daňýarlar. Getirilen köwüşleri on adama geýdirip, gumaksy meýdanyň üstünde eýläk-beýläk gezmeledýärler. Gözleriniň daňysy çözlen Jumaguly aýak yzlarynyň haýsynyň kime degişlidigini kän eglenmän anyklamagy başarýar. Ýaş ýigidiň guýmagursak zehinine göwni ýetse-de, kethuda syr bildirmän, ony ýene bir synagdan geçirmekçidigini mälim edýär.

— Edil, siziň gelmegiňiziň öň ýany goňşy gelinleriň biriniň gulakhalkasyny ýitirendigini aýdyp, şony tapyp bermegimi haýyş edip gelipdi. Şolaryň haýyşyny bitirmegi-de şu inimize tabşyraýsak nädýä? — diýip, kethuda Ryzaguly aga ýüzlenýär.

Tabşyrygy alan Jumaguly gulakhalka ýiten öýüň daşyna, töweregine aýlanýar. Onuň alaka kürümine gözi düşýär. Ol kürümiň agzyna baryp, alakanyň yzyny synlap oturansoň:

— Muňa giren alaka ýükli eken. Yzyna bolsa boş çykypdyr — diýip, Ryzaguly aga daga seredýär.

— Ýeňňemiziň gulakhalkalaryna göz diken adam ogly däl-de, alaka bolup çykaýdy öýdýän — diýibem, kürümi gazmaga ejaza soraýar. Ýaşulularyň yşaraty bilen, töwerekdäki oglanlaryň ikisi derrew işe girişýär. Gol boýy ýaly gazylansoň, hin iki tarapa aýrylyp gidýär. Taraplaryň gutaran ýerinde gulakhalkanyň bir taýyny, beýleki tarapyndan bolsa ikinji taýyny tapýarlar.

— Haý, ogry goňşymyz bolup çykd-ow — diýip, meseläniň şeýle çözülenine, hemem il içinde şeýle yzçynyň döränine ýürekden begenen kethuda loh-loh gülýär. Onuň gülküsine töwerekdäkilerem goşulyşýarlar. Soňra kethuda Ryzaguly aga ýüzlenip:

— Sakgaldaş, bu ýigide pata bermäge hetdimiz bolmaz — diýýär. Duranlar bir-biriniň ýüzüne seredişýärler. Kethuda: «Biz oňa däl-de, ol bize pata bermeli» diýip, baryp, Jumagulynyň egnine kakýar.

— Saňa bu kesp Allatagaladan berlipdir, han ogul. Kesbiňden abraý tap! — Soňra ol ýene Ryzaguly aga ýüzlenýär:

— Ýitigiňiz, hakykatdanam, biziň sürülerimiziň birinden çykdy. Oglanlar aňypdyrlaram-da: «Soran-idän bolsa bereris-dä» diýip geleňsizlik edipdirler. Aýyplaşmarsyňyz-da, siz arkaýyn bu gün dem-dynç alyň, ertir oglanlaryň özleri gylýallaryňyzy sürüşip giderler.

Şol wakadan soň Jumaguly yzçynyň ady alyslara ýaýrap gidýär. Onuň bilen baglanyşykly gürrüňler bolsa häli-häzirlerem il içinde ýaşap ýör.

Taganmyrat MÄMIÝEW,
Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.11.2024

Tmpedagog