Tamdyr (Hekaýa)
Geň göräýmeli, edil özünden öňküleriň ýüz keşbini gaýtalaýyşlary ýaly, soňky ösdürimler käte bir döwürler seniň ýa-da sendenem ulularyň aýdan sözlerini gaýtalap goýberýärler. Ine, edil şu wagtam men mundan onlarça ýyl öňki pursaty täzeden ýaşan ýaly duýgynyň täsirinden çykyp bilmän durun.
Pikire çümmez ýaly däl, hakykatdanam, ähli zat şol bir görnüşinde diýen ýaly gaýtalandy. Sorag berýän-ä ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagaz, onuň öňünde duran hem esli ýaşan ene. Bir tapawut — öň sorag berýäniň ornunda bolanlygymdan, bu gün şol sowalyň jogabyny tapjak bolup huşuna agram berip duran enäniň ornuna geçdim.
Edil şu günki ýaly, hut şu ýerde duran enemiň tamdyry suwamaly bolandygy baradaky sözlerini diňläp, dilime gelen sowaly berip goýberipdim:
— Ene, şu tamdyry kim gurd-aý?
Enem şonda tamdyry garry enemiň uruşdanam öň, goňşymyz Hajar daýzadyr gelinleri bilen üýşüp salandyklaryny gürrüň beripdi. Onuň: «Haýran galaýmaly, olar islendik işi-de baýramçylyga öwrer goýberäýerdiler. Şol gün howlymyz toýhana öwrülipdi» diýip, gözüni bir nokada dikip, pikire çümüp durşy şu wagtky ýaly ýadymda. Şonda, göräýmäge, şadyýan pursat barada gürrüň berip durandygyna garamazdan, onuň gözüne ýaş aýlaýşyny gaty geň görüpdim. Men onuň ýeňinden çalaja çekip, bir zatlar diýjek boldum, ýöne enem öňürtiledi. Uludan demini aldy-da, gözüne ýaş aýlamagynyň sebäbini düşündirmäge durdy. Enemiň gürrüň bermek ussatlygyna haýran galaýmalydy. Onuň tamdyr bilen baglanyşykly şol gezek beren gürrüňleriniň wakalary edil gyzykly kino gören ýaly, häli-häzirem gözümiň öňünde dur.
Ýüze çykan ýagdaýyň sebäbi gaty çalt düşnükli bolupdyr. Seslerini çykarman gelşip, elinden işi alan ýaş gelinleriň hereketlerini synlap durşuna: «Içinde çörek bişirmäge ýagdaý tapylmasa-da, tamdyra wagtal-wagtal ot goýberip durmalymyşyn. Jaýrygyna-ýenesine-de göz bolup durmalymyşyn. Garrylarymyz: «Säherde rysgal paýlamaga gelýän perişdeleriň ýoly tamdyryň üstünden geçermişin. Tamdyryň hemişe ýalpyldap durmagy olaryň göwnüni göterermişin. Olar şol howla gaýta-gaýta gelesleri geler durarmyşyn» diýerdiler. Şonuň üçinem, iň bolmanda, şuňa gözi düşende, çagalaryň ýürekleri çökmez ýaly, tamdyry hemişe abat, edil ýaňyja çörek sogrulyp giden ýaly ýagdaýda saklamalydyr» diýip, garry enem soň-soňlaram gürrüň beripdir.
Ýatlamalaryň täsirinden çykyp bilmän esli duranymdan soň, agtyjagymyň başyny sypalap, mundan onlarça ýyl öň garry enemiň edil şu taýda durup aýdanlaryny gaýtalap ugradym...
Akjemal JUMAMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 05.07.2024