Dana şahyr
Dürdäne setirleň kuýaş äleme,
Dana şahyr Magtymguly Pyragy.
Il-gün deňär seni genji-känine,
Dana şahyr Magtymguly Pyragy.
Her sözüňde umman ýaly many bar,
Şu güni, ertiri hem-de düýni bar,
Şonuň üçin size «weli» diýilýär,
Dana şahyr Magtymguly Pyragy.
Türkmen ýaşap ýör wesýetiňe uýup,
Näçe diňlese-de bilenok doýup,
Geljek nesillerem okarlar söýüp,
Dana şahyr Magtymguly Pyragy.
Pähim-parasatyň çuň hem-de tämiz,
Asyrlar geçse-de, undulmaz hergiz,
Şygryýet ýüzügniň göwher gaşy siz,
Dana şahyr Magtymguly Pyragy.
Täzegül JAPAROWA,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy
"Balkan" welaýat gazeti, 13.06.2024