Türkmenistan – bagtly mekan
Türkmenistan — bagtly mekan, rowaçlanyp öňe barýar,
Watanmyzyň mertebesi al-asmana — arşa galýar.
Päk ýürekli türkmen aga, şuglaly ak daňa barýar,
Çünki biziň arkamyzda Arkadagym — Merdanym bar,
Ýurduň keşgin çekip barýan Arkadagly Serdarym bar.
Hana üste hana açýar gowaçalar pellermizde,
Rysgal-döwlet egsilmeýär, erkimiz öz ellermizde.
Begenjimiz-buýsanjymyz — Watan waspy dillermizde,
Çünki biziň arkamyzda Arkadagym — Merdanym bar,
Halky bagta alyp barýan Arkadagly Serdarym bar.
Bol-berekede beslenýär dok däneli bugdaýlarymyz,
Halal gazanç, azat durmuş, özgerdi hal-ýagdaýlarymyz.
Toý tutulýar giň sährada, şirin saz-aýdymlarymyz,
Çünki biziň arkamyzda Arkadagym — Merdanym bar,
Nurly ertä alyp barýan Arkadagly Serdarym bar.
Nebit-gazy çogup duran, görüň, ne bir ajap mestan,
Bereketli ýurdum bu gün gül-gunçaly, bagy-bossan,
Bu bir jennet mekanydyr, ýazsaň bolar ençe dessan,
Çünki biziň arkamyzda Arkadagym — Merdanym bar,
Peder ýolun dowam edýän Arkadagly Serdarym bar.
Ilmyrat HOJANÝAZOW,
Çärjew etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 16.05.2024