13.01.2023 Döredijilik210 .
Körpelere okap beriň!
Sowal
Säher bilen nirä barýaň?
— Bileňokmy sen, oglanjyk,
Düzlük ýere, örä barýan!
— Örä gider ýaly sen nä,
Goýunmysyň, geçimisiň?
Sygyrmysyň, düýemisiň,
Ýa atamlaň goçumysyň?
— Alma gymmatly wagtymy,
Sowal berip, eý, oglanjyk.
Gaýta maňa basymrajyk,
Ylgasana diý, oglanjyk.
Agyr sürä suw az guýda,
Irkimi hem pes akmaga.
Şonuň üçin barýaryn men,
Sürini suwa ýakmaga.
Oglanjyk we düýe
Agşam geleňde öýe.
Köşegiňden artdyryp,
Maňa-da bir süýt ber-ä!
— Çalym kän-ä, çal içgin,
Hanha, ak küýze doly.
— Bilýän, ýöne süýt gerek,
Süýtli çaý içer ýaly.
Jana juda hoş ýakýar,
Sebäp, süýtli çaý — melhem.
Güýjüňe-de güýç goşup,
Kalbyňa berýär ylham.
Ýolyşyk
Gözi üç, däldir gorkunç.
Haçan-da köçä barsaň,
Duş gelersiň iru-giç.
Hiç ýataýyn diýmez ol,
Gije-gündiz işlidir.
Ýalňyşmasy bolmaz oň,
Ýatkeşligi güýçlüdir.
Ol nämekä? Oýlanyň,
Ynsanyň ýakyn dosty.
Kemsiz eder işini,
Işiniň bolmaz kösti.
Tut
Peýdalydyr jan saglyga.
Owradylan kök, ýapragy,
Hassany eltýär gowluga.
Ýürek-damar, aşgazana,
Peýdasy köp onuň bilseň.
Janyňa-da hoş ýakýandyr,
Arassalap, ýuwup iýseň.
Çynar bag dek owadandyr,
Görmedige geň bagdyr ol.
Saýasy-da köp dertlere,
Peýdalydyr, em bagdyr ol.
Nar
Suw janydyr, güýjüdir.
Bişenden soň iýseňiz,
Göýä baldyr, süýjüdir.
Gün
Gamaşdyrýar gözüňi.
Aýyr diýseňem edenok,
Diňlänok hiç sözüňi.
Allanazar Aýnazarow,
Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki
10-njy orta mekdebiň mugallymy.
“Balkan” gazeti, 2023- nji ýylyň 12-nji ýanwary.