07.03.2025 Döredijilik317 .

Baýramyňa gül getirdim, eje jan!


Ir säherde läle-reýhan sähradan,
Baýramyňa gül getirdim, eje jan!
Meň üçin dünýäde iň mährem adam,
Baýramyňa gül getirdim, eje jan!

Azdyr saňa sähranyň bu gülleri,
Perzentleriň bu gün joşýar dilleri,
Gül çemenli gujaklary, elleri,
Baýramyňa gül getirdim, eje jan!

Gülli bol sen, gülsüz bol sen, parhy az,
Çünki gujagyňda gülüň ysy bar,
Seniň bilen biz durmuşda bagtyýar,
Baýramyňa gül getirdim, eje jan!

Gyz dünýäm toý-baýram, eje, sen gülseň,
Maňlaýymdan öpüp, gujagyňa alsaň,
Ylhamym joşup dur sen hakda ýazsam,
Baýramyňa gül getirdim, eje jan!

Bu güller söýgimden nyşan, mähriban,
Bolsun gyzyň ýörän ýoluňa gurban,
Seniň bir ýylgyrşyň janyma derman,
Baýramyňa gül getirdim, eje jan!

Ogulnur ÖREMÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesindäki
18-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 06.03.2025

Tmpedagog