01.03.2025 Döredijilik308 .

Öýüň sütüni (Kyssa)


Gassapçylyk etseň, il arasynda köp bolunýar, her kysym adamlar gabat gelýär. Hojalyk bar, eýeleri özüňden öňde, ýene biri maly görkezip, öz işine gümra. Mallaram dürli, biri dyzmaçdan sarç, ýene biri göwresine görä däl, ýuwaşdan ümsüm, her haýsyna-da özüne göräräk çemeleşmeli. Guralyň, ýüpüň taýýar bolsa, gassap ýakynlandan mal mugyra geler.

Kömekçim bilen baran obamyzdaky öýüň eýesi, dert zerarly dili agyrrak kişi ekeni. Ogullaram töweregini gallap ýör. Ol käwagt bir söz aýdyp, bir gapdalda işimizi synlap otyr.

Eti paýlamaga gezek geldi. Oglanlarynyň biri etli çanagy göterip ugranda öý eýes-ä bir zatlar diýjek bolup, elini salgady. Ogly kakasynyň aýtjak sözüne garaşyp dur. Ýaşulynyň dili agyrrak bolansoň, seljerip aýdýança-da birneme wagt gerek. Kömekçim onuň ogluna etli çanagy ýerde goýmagy ümledi. Ogul üme düşünse-de, kakasyny diňlemegini dowam etdi...

Soň bir ýola ýene şol oba işimiz düşende, kömekçim geçen sapar gören zatlarynyň täsirini daşa çykardy:

— Ogly şonda çanagy saklap durman, elindäkini ýerde goýup, kakasynyň aýtjak sözlerini arkaýynlykda diňlese-de bolardy weli, şol göterdi durdy, ýogsa, etden doly çanak ýeňilem däldi.

Bu gürrüňi diňlän mal eýesi häsini berip durşuna barmagyny uzadyp:

— Başga biri şeýtse-de bolardy, ýöne o hojalykda bolmaz. Ol hojalykda kaka hökman diňlenmeli, kaka öýüň eýesi, sütün-diregi, onuň ogullary şoňa düşünýärler. Onsoň ol elindäki etiň agramyny duýmaz, kakasynyň sözüniň agramyny duýar. Belki, kakasy üýtgeşik zat hem aýdan däldir, şol bir aýdýanlaryny dile getirendir. Ýöne ogly ony diňleýär, gelni synlaýar, agtygy ondan nusga alýar. Maşgalanyň berkligi geplemekde däl, diňlemekde. Onsoň bu ýagdaý saňa geň bolsa-da olara geň däl, ol bir adat bolup galan zat.

Rysgynam Hudaý ýetirip dur. Töweregi bolup, bir maly ýygnap goýberýärler. Öý eýesi dertliräk bolsa-da, ojagy bereketli görensiňiz, goňşulara dadymlygam ugradandyr.

Biz makullap, baş atdyk. Ol biraz dymyp durdy-da, kömekçime garap:

— Entegem şol taýda zat diýmedigiň gowy bolandyr, ýogsa başga söz eşitmegiňem mümkin ekeni. Kakanyň sözi ogla-gyza melhem, güýç-kuwwat, daýanç bolar-da, heý-de ondan daşlaşyp gidip bolarmy?! Gidäýseňem, ysgyn-mydaryň galman, bolanjaňam ýitirip, düýp goşa — kakaň ojagyna dolanarsyň, ak pata alybam, seriňi durlap, ýadawlygyň aýrylyp, täze güýç bilen göwün terliginde durmuş sary rowana bolarsyň, onsoň işiňem ugrugar barar.

Nurmyrat ATAÝEW.
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy,
KA-nyň işjeň agzasy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 27.02.2025

Tmpedagog