19.02.2025 Döredijilik310 .

Bagtymy bilimde gördüm


Kiçilikden mugallym bolmagy arzuw ederdim. Mekdebe baran wagtym mugallymlarymy höwes bilen synlaýardym. Olaryň sözleýiş ukybyna, özüni alyp barşyna uly gyzyklanma bilen üns bererdim. Zenan mugallymlarymyzyň geýýän ýeňi-ýakasy nagyşlanan köýneklerine, olaryň pessejik ökjeli köwüşlerine, hatda başlaryna daňýan gül-parça ýaglyklaryna-da höwes bilen syn ederdim. Mugallymlarymyzyň işe gelen wagtlary bir-biri bilen salamlaşyşy, assaja ädimläp ýöreýişleri, ýadan hem bolsalar, özlerini asuda alyp baryşlary mende gowy täsirler galdyrýardy. Belki-de şonuň üçindir men diňe mugallym bolmagyň arzuwyndadym. Şeýle şüýji arzuwlar bilen on dört ýaşa ýetipdim. Bir gün enem meniň başymy sypady-da:

— Meniň gyzym ulalsa mugallym bolar — diýdi.

Men daşyma çykarman, içimden edip ýören arzuwlarymy enemiň nädip bilendigine geň galdym. Sowally nazarlarym bilen eneme seretdim. Ol:

— Sen yhlasly okaýarsyň, sapaklaryňa höwesli, aýratyn hem sen zähmet terbiýesini ýeňillik bilen alýarsyň, gyzym! Men seniň mugallym bolmagyňy isleýärin — diýdi.

Men ýüregimi okap bilen enemiň boýnundan ellerimi orap gujakladym-da, onuň ýaňagyndan öpdüm. Şol gün enem maňa ir döwürlerde bolup geçen bir täsin wakany gürrüň berdi.

Obada belli Döwletýar baýyň saçagyň başynda çagalary bilen ine-gana çaý-nahar edinenini gören adam bolmandyr. Ol mydama howlukmaç eken. Adamlar döwleti dünýä ýetjek bu adamyň ýene-de gazanç etmek üçin ylgap ýörenine gaty geň galypdyrlar. Bir günden bir gün obada toý tutulypdyr. Şol toýda baýyň ýanynda bir akyldar dana oturypdyr. Ol baýyň howlukmaçlyk bilen duz dadyp, turjak bolanyny görüp, ondan az salym säginmegi haýyş edipdir. Baý üns bilen dananyň ýüzüne seredip, «diňleýän» diýen manyda baş atypdyr. Dana oňa:

— Baý aga, sen bütin ömrüňe dynç alman, baýlyk topladyň, bu azaplary kim üçin çekýärsiň?! — diýipdir. Baý bolsa:

— Meniň üç oglum bar, men olary tütjar baý etmek üçin işleýärin — diýip jogap beripdir. Şonda dana baýa ýüzlenip şeýle diýipdir:

— Baý aga, sen çagalaryňy baý etmek isleýän bolsaň, olara bilim ber. Çünki seniň toplap beren baýlygyňy bilimsiz nesilleriň az salymda ýoklap biler, emma bilim alan ogullar bolsa ýokdan bar edip, özi gazanar — diýipdir.

Baý köp wagt oýlanypdyr-da, dananyň maslahatyny makul bilipdir. Şondan soň ol ogullaryna bilim bermegiň ugruna çykypdyr. Ogullary ylymly-bilimli bolup, dananyň aýdyşy ýaly, sowady bilen hersi uly döwletiň eýesi bolupdyr.

Hawa, hakykatdan hem, bilim bagtyň we baýlygyň açary. Bilimli adam diňe maddy taýdan garaşsyz bolman, ol durmuşda-da akylly-başly işler edip, abraý-mertebe gazanyp bilýär. Bagtyýar zamanamyzyň bagtly ýaşlary säher bilen «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenenlerinde, çüwen ykbalyma müň keren şükür edip, ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi üçin iň ýokary mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza yzy üzülmeýän alkyşlar aýdýaryn. Bu gün bagty bilimde görýänligim üçin her bir ýaş oglan-gyzlara bilim ýolunda rowaçlyklary arzuw edýärin! Goý, Watanymyzyň ajaýyp geljegini ylym-bilimde, ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Aýgül BURUNOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
16-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 19.02.2025

Tmpedagog