13.02.2025 Döredijilik293 .

Baharyň keşbi


Baharyň keşbi

Göwnüňi göterýär ýazyň şemaly,
Ýagar misli merjen deýin ýagyşlar.
Älem-jahan güller bilen bezener,
Gözýetimi ajap päklik nagyşlar.

Zenanlaň keşbi deý owadan dünýä
Säherlere paýlar bilbil nagmasyn.
Älemgoşar bezär dünýäň ýüzüni,
Ene ýere tenekärdir çabgasy.

Bahar joşgun berer zemin ýüzüne
Hoşgylaw, nurana päkligi bilen.
... Ýylgyrjaklap gelýän baharyň keşbi —
Ajaýyp ýaşalan ömürlere deň!


Enemiň dileglerinden

Ýola çyksaň ýeke çykma mähremim,
Hernä, käbäň öwütlerne gulak goý!
Ýyldyzlary dogan saýsaň mähremim,
Goý, hemraýyň bolsun, Gökden bakan Aý.

Iliň bilen baky borsuň mähremim,
Ilden özüň ýeke saýma, köplük saý!
Gamyş üste gala gursa bilbiller,
Dözüp bilmän Gökde aglaýandyr Aý.

Bu dünýäniň barlygyndan bolma karz,
Akar ýaba ursaň suw laýlanar.
Bir sen diýip geler munda garagöz,
Şoňa sygyn, daşyňda Aý aýlanar.

Bu ýollaryň ajysam bar, süýjüsem,
Dyza çökme, tupan bolsun, bolsun gaý.
Ilden özüň ýeke saýma mähremim,
Saňa hemra bolsun Gökden bakan Aý.


Seni söýdüm

Seni söýdüm ýalňyz duýup özümi,
Seni söýdüm meniň erkim aldyň ýar!
Söýgiň seniň pasyllaryň ýazymy?!
Seni söýüp gülläp otyr kalbym, ýar!

Seni görsem ýürek takatsyz urýar,
Juwan kalbym şeýle bolmalymy ýa?!
Öwrülmese hyýallarym hoş güne,
Ahmyr ýatlamada galmalymy ýa?!

Giderin men seniň gözleriň yzlap,
Ejap edip çykarmaryn kalbymdan.
Wah, duýsadyň ýürekdäki syrymy,
Şol sözleriň çykar meniň alnymdan!

Öýmäm bulap garşy alaryn daňy
Yhlasym, umydym, arzuwym bilen.
Daňyň şapagynda ugradyp seni,
Geleriňe çenli garaşaryn men!

Gülnara JORAÝEWA,
Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 13.02.2025

Tmpedagog