07.02.2025 Döredijilik244 .

Şygyr okaly


Şygyr okaly

Uly baýram, toý gününde
Gel, dostum, şygyr okaly!
Şatlyk durmasyn çeniňde
Gel, dostum, şygyr okaly!

Her kim okanda goşgusyn,
Öz ýeten bagtyn buşlasyn.
Diňläniň göwnün hoşlasyn,
Gel, dostum, şygyr okaly!

Bäs gelmese höwesime,
Halk teşne şahyr sesine.
Muhabbet goşup asala,
Gel, dostum, şygyr okaly!

Döwrä goşul, joşup, işläp,
Goşgy döret kalba besläp,
Tirsegine galsyn ussat,
Gel, dostum, şygyr okaly!


Myhman bolsaň...

Myhman bolup barsaň, Etrek-Gürgene,
Şygryň şuglasyndan dünýäň durlanar.
Pyragyly söhbet meňzär dürlere,
Toýlar ýada salar Magtymgulyny.

Şanyna uludan tutulsa döwre,
Meýlise görä bol, çekilme böwre.
Aýdym-saz ýaňlansa, galkynar göwre,
Tarlar ýada salar Magtymgulyny.

Ses geler agaçlaň hellewläp başy,
Dag başynda bulut getirse ýagşy.
Göwnüňe Pyragy okaýar goşgy,
Baglar ýada salar Magtymgulyny.

Hasar otyr pasla görä don geýip,
Seslenseň, ses berer, «Ýarow jan!» diýip.
Agras dymyp, näçe bolsa-da beýik
Daglar ýada salar Magtymgulyny.


Magtymgula

Halkymyzyň göwün hoşy,
Tutuş dünýäň danasy sen.
Üç asyrdyr kerwenbaşy,
Ýola salýaň hemmäni sen

. Deň çekişip il azaryn,
Kakyp gelýäň ýürek taryn.
Halkyň halap, gowluk baryn
Bir göwrede jemläni sen.

Aryf bolar akyl alan,
Ýol almaýar sözlän ýalan.
Peşgeş berdiň nakyl bolan
Niçe setir-jümläni sen.

Göze ildiň ýigit çagyň,
Hasyl berýär eken bagyň.
Hak aýdypdyr Arkadagym:
«Pähim-paýhas ummany sen»!


Merdana Magtymguly

Ýene geldik gaşyňa
Salama, Magtymguly!
Tagzym-togap başyňa
Eý, dana Magtymguly!

Meňliň gara gözleri,
Şahyr etdi sizleri.
Setirleri, sözleri
Dürdäne Magtymguly!

Dözüp ýowuz şertlere,
Hötde gelip dertlere.
Syrdaş bolduň mertlere
Merdana Magtymguly!

Asuda aý-günlerim,
Arşy-Agla münberiň.
Söýüp Meňli dilberiň
Perwana Magtymguly!

Üç asyry ötmeklik,
Il bolup toý tutmaklyk,
Nesip etdi ýetmeklik
Didara, Magtymguly!

Seni çäksiz gadyrlan,
Minnetdar bol gadyrdan,
Arkadaga, Gahryman
Serdara, Magtymguly!


Külli türkmeniň toýy

«Magtymguly toý toýlaýar» diýilýär,
Beýik dana hormatlanýar, söýülýär,
Döwletlilik, bir pikire uýulýar,
Bu uly toý — külli türkmeniň toýy.

Göwnüň galkar toý tutumyn göreňde,
Şatlyk-şowhun höküm sürýär her öýde.
Şahyryn söýmekde dünýä görelde,
Bu uly toý — külli türkmeniň toýy.

Bezenip-beslenip üýşer ir bilen,
Özün myhman saýmaz gelse nireden,
Bir supra jem bolar taýpa-tireler,
Bu uly toý — külli türkmeniň toýy.

Agzybir il döwlet tapar, ýalkanar,
Pyragynyň çöken göwni galkynar,
Buýsanar, owsunar, şeýle halky bar,
Bu uly toý — külli türkmeniň toýy.

Nurguly ÝAGMYROW, Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 06.02.2025

Tmpedagog