30.01.2025 Döredijilik1006 .

Geliň, gürrüň edeliň, nagyşlarmyz barada


Sözbaşy

Mirasym giden baýlyk,
Hazynaly dükanym.
Ene-mamamy diňläp,
Gözlerinden okanym.

Lybasyma, ýakama,
Dürli nagyş salypdyr.
Hersiniň öz ady bar,
Hakydamda galypdyr.

Geliň, gürrüň edeliň,
Nagyşlarmyz barada.
Goý, muny bilip galsyn,
Uly-kiçi, çaga-da.


«Guşganat»


Salnar dürli eşige,
Milli nagyş — «Guşganat».
Geçmişimiň sungaty,
Nesillere dowamat.

Täsinje hem owadan,
Oňat synlap bilseňiz.
Durnalaryň hataryn,
Ýada salýar görseňiz.


«Bossany»

Saldym ýaka bagyna,
Milli nagyş — «Bossany».
Bu nagyşyň şanyna,
Döretmeli dessany.

Her toplumyň daşyndan,
Aýlanýar täsin ýoda.
Görseň haýran galarsyň,
Ünsüň çeker şobada.


«Üzülmez»

Gültahýamy bezeýär,
Milli nagyş — «Üzülmez».
Öz adyna meňzeýär,
Aýlawlary üzülmez.

«Üzülmeze» üns etseň,
Misli deňiz tolkuny.
Aýlawlarny synlasaň,
Göýä Günüň ýalkymy.


«Tirana»

Reňki ak bilen gyzyl,
Milli nagyş — «Tirana».
Taryplap ýazsam gazal,
Görki onuň nurana.

Gurluşynda müň many,
Keşbi gämiň labyry.
Çüňkündäki aýlawy,
Ýada salýar balygy.


Jemleme

Nagyşlary sanadym,
Bular bize geň däldir.
Olaryň her haýsysy,
Aýratyn bir dünýädir.

Gyz-geliniň el işi,
Ýatdan çykyp ýitmez hiç.
Dünýä bilen ýaşytdaş,
Hakydamdan gitmez hiç.

Hojabibi GOÇMYRADOWA,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 30.01.2025

Tmpedagog