«Güýzüň keşbi» (Hekaýa)
Güýz günleriniň biridi. Daşarda ýagyş ýagýar, howanyňam ýakymy ýok. Şonuň üçinem köpler öýdenem çykjak bolanoklar. Bizem otagdaş gyzlarymyz bolup, o ýere-bu ýere gitmegiň pikirinem etmedik. Ýogsam dynç alyş günlerinde şähere çykyp gelmek üçin hökman bir bahana tapylýardy. Maral atly otagdaşymyz-a: «Güýzüň şular ýaly howasy gaty ýüregimi gysdyrýa» diýip, eline kitap alsa-da, penjiräniň öňünden aýrylyp bilmän geçdi.
Her kim öz bilenje heňine tutdurmaly-da, menem otagymyzdaky ýeke-täk stoly eýeläp, güýz hakda goşgy ýazjak bolýan, emma başarýan zadym ýok. Ýalandan-çyndan ýekeje setir önäýse nädersiň. Töwerek-daşyň gussasynyň sowugy içki dünýämde eýemsiräp ýören ylhamymy-da doňduryp taşlan bolarly. Öňküler ýaly, otagdaşlarymam ol-bi gürrüň tapyp, güýmäberenoklar. Göräýmäge bu görnüş şundan şeýläk hemişe dowam edäýjek ýaly, şeýle bir sustum basylýar, heý goýaý. Onsoň kelläme otagdakylaryň bolup oturyşyny suratlandyraýyn-da, şoňa-da «Güýzüň keşbi» diýip at bereýin diýen pikir geldi. Duýdansyz dörän pikirimi durmuşa geçirmek maksady bilen täze sahypany öňümde goýup, ýaňy bir goşgynyň ilkinji setirini ýazyp bolanymdan gapy kakyldy. Gapydan bizden bir ýyl aşakda okaýan Gülaýymyň girenini görüp ýüregim giňäp giden ýaly boldy. Sebäbi Gülaýymyň ady ýokary okuw mekdebimizde «şadyýanlyk» sözüniň sinonimi ýalydy.
Hakykatdanam, sähel salymdan otagyň içini Gülaýymyň şadyýan sesi gaplap aldy. Göýä güýz paslynyň tutuk gününiň döredýän täsiri oňa degişli däl ýaly, şeýle bir gürleýär welin, «häsini» berip ýetişseň bolany. Gürrüň berýän zatlaram biri-birinden gyzykly bolansoň, oňa ünsüňi bölmänem bolanok. Soňabaka onuň gürrüňine goşulyşyp gidenimem bilmän galypdyryn. Garaz, aradan uly bir wagt geçmänkä, otagyň içiniň ýagdaýy düýbünden üýtgedi.
Şol gün garaňky gatlyşýança gülşüp-degşip, hezil edip oturypdyrys. Naharyň-a däl, çaýyňam gürrüňini etmän oturan gyzlar, birdenkä palaw atararman boldular. Aýdyldy — bitirildi. Ilk-ä keýpsiz oturyp, Gülaýym gelenden soňam gürrüňe gyzyp, mazaly ajygaýan ekenik, orta gelen palaw sähel wagtda bişirilmedik ýaly boldy.
Gülaýym: «Indi otagyma gidip ýatybersemem bolýa, gelenime degdi» diýip, gapa barandan soňam esli gürrüňiň başyny agyrtdy. Ol gidende garaňky mazaly gatlyşypdy. Güýz gününiň çytyklygyna sustumyz basylyp oturan halymyza, Gülaýym gelip gidenden soň daşarynyň tümlügem biziň şadyýan ahwalymyza täsirini ýetirip bilmedi.
Şol gün gije otagdaşlarymyz ýatandan soň, «Güýzüň keşbi» diýen sözbaşy bilen iki setir goşgy ýazylan kagyzy ýene öňüme aldym. Ýöne ony dowam etdirip bilmedim. Sebäbi meniň ol goşgym güýzüň çytyk howasynyň tagamy siňen, gussa gatyşykly şygyr bolmalydy. Indi welin, şu günüň wakalary mende diňe ýylgyryş döredýärdi. Şonuň üçinem sözbaşym öňki bolsa-da, kagyzyň ýüzünde düýbünden täze ruhdaky setirler yzly-yzyna peýda bolup ugrady.
Indi güýz hakda gürrüň açylsa, ilki bilen, talyplygymyzyň güýzleriniň içinden orun alan şol gün we otagyň içini gyzyl-gyran gülüşdirip oturan Gülaýym hakydama gelýär. Görüp otursam, şol gün ilkinji gezek güýz hakda şadyýan goşgy ýazyp gören ekenim.
Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän
mekdep-internatynyň direktory.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.11.2024