11.07.2024 Döredijilik120 .

Magtymguly Pyragy


Edebiýatyň taryhynda öçmejek
Ýakyp gitdiň, bir ajaýyp çyragy.
Nesilleň serinden baky göçmejek,
Adyň ýaşar, Magtymguly Pyragy!

Eserleň ýugrulan akyl-paýhasa,
Her sözüň göwünleň aram-karary.
Teşne ýüreklere ylham paýlasa,
Päk ruhuň seň, Magtymguly Pyragy!

Agzybirlik hem jebislik isläniň,
Dostluga çagyryp ýakyn-yragy.
Hasyl boldy, bu gün göwne besläniň,
Iliň jebis, Magtymguly Pyragy!

Milli Lider belent tutýar sarpaňy,
Sen hakynda aýdyp kelam, şygary.
Gal tirsegňe, aýdym bolup ýaňlanýar
Goşgularyň, Magtymguly Pyragy!

Şanyň bu gün Ýer ýüzüne ýaň salýar,
Watanmyzyň gülläp, özgerýän çagy.
Türkmen halky seniň toýuň toýlaýar,
Arkadagly Serdar bilen, Pyragy!

Batyr MÄMMETMYRADOW,
Gökdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň müdiriniň
okuw terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 10.07.2024

Tmpedagog