26.03.2024 Döredijilik205 .

Azadynyň ak patasy


Azadynyň ak patasy

(rowaýat-hekaýa)

 

Ine,  Soňydagynyň gözel jülgesi.  Onuň owadanlygyna bir serediň-ä.  Jülgäniň biri-birine bakyp, biri beýlekisine daýanç bolup duran belent daglary türkmeniň iki sany gerçek ogullaryny  ýadyňa salýar. Olar hemişe bir-birine mähir bilen garap otyrlar. Olar pasly bahar gujagynda hemişe maýsalap oturan elwan gülleri biri beýlekisine gezekleşip gowşuryp duran mysaly. Olary bir-birinden daşlaşdyrjak, hoşlaşdyrjak güýç bolmaz.  Şu jülgäniň göwsünden  ýylçyr-ýylçyr daşlary mähir bilen ýuwup,  uly joşgun bilen aýdym aýtýan  çeşmä näme diýersiň. Jülgäniň gözelligine görk goşýan bu bulagyň durnaň gözi ýaly tämiz suwuna diňe söýgi bilen buýsanyplar seredip oturmaly.  Onuň jana şypaly sowuk suwundan gana-gana içen adam,  şahyr bolmasada ylhamy joşuberýär. Onsoň ol ýa goşgy goşar,  ýa-da dereleri ýaňlandyryp aýdyma zowladar.

 

Ine,  daglaryň,  deredir-jülgeleriň  gözelliklerini her gün näçe gezek synlasa-da, onuň hoştap howasyndan sora-sora janyna şypa alsa-da,hiç ganmaýan ýaş Magtymguly bu ýerlerde owlak-guzy bakardy. Ol her säherde bu ýere gelip, diňe bir mallaryny sonarlatmakdan ötri,  tereň-tämiz howadan sora-sora teşne köňlüne aram tapmaga howlugardy. Bu gözel mekan ony şeýle bir joşdurýardy weli, ýaş şahyr ýeldirgän ýaly bolup uzakly gün owazly sesi bilen dereleri ýaňlandyryp öz düzýän goşgularyny aýdym edip aýdardy. Bu ýerlere bolan buýsanjy gursagyna sygman,  aram-aram”Ehe-heý,  başy dumanly belent daglar,  sowyk suwly,  ter çemenli çeşme çaýlar,  sizem diňläň aýdymlarmy, namalarmy” diýip, uly hyjuw bilen gygyrardy.

 

Şol töwereklerde şahyrdan başgada, mal-gara bakýanlar bir ýa-da iki däldi.  Olar bu ýaş ýigidiň  joşup-joşup okaýan şygyrlaryny haýran galyp diňlärdiler. Olar bu ýaş ýigidiň  sesi ýetdiginden labyzly-labyzly okaýam şygyrlarynyň many-mazmunynynyň täsirinde gezýärdiler.  Onuň akyl-parasada eýlenen şygyrlaryna teşnediler.

 

Şeýle-de bolsa çopanlaryň içinde käbirleri Magtymgulynyň beýle hereketlerinden bir azajyk eýmenmänem duranokdylar. Onuň akly üýtgäp ýörendir öýdýärdiler. Çopanlaryň içinde ony aşyk-telba hasaplaýany-da ýok däldi.

 

Bir günden bir gün çopanlar günorta çaýlaryny bileräk içmeli boldular. Olaryň arasynda Magtymguly-da bardy. Çopanlaryň içinde ýaşulyrak bir kişi bardy.  Ol maýyny tapyp Ýaş şahyra ýüzlendi:

 

-Magtymguly,  inim, uzakly gün aýdyma zowladyp ýörsüň,  şygyrlaryň-da manysy gaty saldamly.  Bu goşgulary nireden öwrenýärsiň. Ýa-da Garrymollanyň eserlerindenmi bular.

 

Magtymguly uly joşgun bilen ýylgyrdy-da,  şeýle diýdi:

 

-Howa,  agam! Atam Azadynyň eserleri maňa güýç-kuwwat berýär.   Men öz halypam Garrymollanyň parasatly esrelerinden ylhamlanýaryn. Onuň  şygyrlar dünýäside ýaşaýaryn.  Onsoň,  özüm-de käteler joşanymy duýman galýaryn. Hyjuwym gursagma sygman, şu derelere,  jülgelere sesimi iberýärin.  Goý,  olar meniň şygyrlaryma baha bersinler.

 

Magtymgylynyň bu jogabyna ýaşuly çopan has-da geňirgendi.  

 

-Sen näme ony özüňçe içiňden okasaň bolanokmy,  ile ýaýmak nämä gerek boldy.

 

Ýaş şahyr ýene mylaýymja ýylgyrdy.

 

-Agam,  bu täsin täleýi erenler meniň boýnuma dakdylar. Olar “Sen şahyr bolmaly” diýdiler. Özü-de şahyrlygyňy özüň ile ýaýmaly,  hiç kimden gizlemeli däl.  Seniň maňlaýyňa bütin halka ýaramly Şahyrlyk ýazylandyr.

Zehiniňi,  akyl-parasadyňy halkdan gizleseň,  Hakyň halan adamsy bolup bilmersiň sen!” diýdiler. Men Allanyň emrine gulluk etmeli adam bolup dogulypdyryn.

 

Çopanlar Magtymgulynyň bu sözlerine has-da howatyrlandylar. Olar şahyra gorka-gorka üşerilişdiler. Magtymguly olaryň ýanyndan öz goýun-guzylaryna tarap turup gitdi.  Goşda galan çopanlar:

 

-Hakykatdanam,  Magtymgulynyň akly üýtgejek bolupdyr.  Ol oz serinde däl ýaly. ”Erenler ak pata berdi!” diýip sammyldap otyr ol.  Bu barada Garrymolla bir habar ýetireliň.  Goý, ol ”Maňa aýtmansyňyz!” diýmesin—diýip, maslahaty birikdirdiler.   Olar Magtymguly bilen çopançylyk edýän  kakabaş ýoldaşlarynyň birini haýal etmän Döwletmämmet aganyň ýanyna ýolladylar.

 

Tomus günleri Döwletmämmet Azady Töreýit ekinzarlygynda harman alýardy. Habarçy iberilen kakabaş oglan  demi-demine ýetmän haşylap gelşine,  Garrymollanyň ýanyna barypdyr-da,  saglyk-amanlyk soraşylanyna mähetdel:

 

-Magtymgula birneme “haý” diýiň.  Ol mal bakyp ýören ýerinde bolar-bolmaz warsakyny aýdyp,  görene gülki bolup ýör—diýip,  Magtymgulyny ýamanlapdyr.  Bu töhmetlere Garrymollanyň ýüregi ersipdir.  Ol öz göz-guwanjy,  ilogly bolmagyna umyt baglap ýören perzendi barada aýdylanlara örän hapa bolupdyr. Bu aýdylýan zatlara gatybir ynanasy gelmändir. Şonda-da,  ol oglunyň  nämeler bile meşguldygyny bilmegi ýüregine düwüpdir.  

 

Garrymolla asyrynlyk bilen öz öwladyny aňtap başlapdyr. Öz nädogry hereketleri bilen onuň göwnüne degäýmkden çekinip,  ogryn-ogryn onuň şygyrlaryny diňläp gezipdir. Diňledigiçe-de,  “däli-telbe” bolupdyr diýip,  myjabat atýan bigäneleriň sözleriniň hakykatyň ýele ýanyndan-da geçmeýänligine göz ýetiripdir. Ussat şahyr öwladynyň şygyr şalygynda özünden-de ökde çykanlygyna guwana-guwana gözüni ýaşlapdyr.  Gizlin-gizlin oglunyň şygyrlaryny diňläp,  hiç gana bilmändir. Ol:

 

-Şägirt halypadan özdurdy, -diýip, ogluna buýsanjyny äleme aýan edipdir.

 

Ine,  onsoň bir günden bir gün ogluny ýanyna çagyrypdyr-da:

 

-Oglum,  sen şahyr bolupsyň diýip,  il arasynda gürrüň bar-la-, diýip,  uly guwanç bilen ýüzlenidir.

 

Magtymgulynyň ýüzi bir gyzaryp,  bir agarypdyr.  Ol:

 

-Howa,  atam,  käte-käte  şygyr ýazýan öz-ä.  Bu siziň zehin mekdebiňizden  gaýdýan şahyranalyk ýoly bolaýmasa-,  diýip,  boýurganypdyr.

 

-Şeýle bolsa-da bolýandyr.  Hany onda sen öz ataň haky üçin bir bir hoş söz aýdyp ber bakaly.  Halypaňam saňa baha bersin, -diýip ondan köňül kelamyny  joşmagyny sorapdyr.

 

Magtymguly bir sellem ýaýdanjyrap durupdyr.  Döwletmämmet oňa ýene-de:

 

-Çekinme,  oglum,  hakdan berilen bolsa,  sözleriň yrýasy bolmaz, - diýip,   alňasaman,  şygyr okamaga oňa idin beripdir.

 

Onsoň Magtymguly uly buýsanç bilen öz atasyna minnetdarlygyny bildirip, ”Atam Döwletmämmet molla haky üçin “ diýen setirler bilen gutarýan kämil şygryny okapdyr.

 

Döwletmämmet Azadynyň öz owladyna göwni ýetipdir. Ol ogluny boýdan başa synlapdyr-da, oňa çyn ýürekden guwanyp,  şeýle diýipdir:

 

-Berekella,  oglum,  sen ataňdan özduryp,  öz mertebäňe ýetipsiň.  Arkaýyn şahyrçylygyňy ediber, -diýip,  oňa ak pata beripdir.

 

Şondan soňra Magtymguly şahyr ýaşlygyna garamazdan,  külli türkmeniň  hakdan berilen iň bir zehinli,  söýgili şahyryna öwrülipdir.   



Allaberdi PAŞŞYKOW,
Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.



Tmpedagog