21.10.2023 Döredijilik157 .

Deňiz ýyldyzjyklary


Bir adam ummanyň kenarynda gezmeläp ýörkä, bir ýigidiň ber-başagaý bolup, deňze bir zatlar zyňyşdyryp ýörenine gözi düşýär. Ýakynrak baryp görse, ol kenara çykan deňiz ýyldyzlaryny suwa zyňyp ýören eken.

Ýaşuly bilesigelijilik bilen sowal berýär:

— Ýagşy ýigit, näme edip ýörsüň?

— Deňiz ýyldyzlaryny ummana oklaýan.

— Beh, deňiz ýyldyzy diýýäňmi? O näme üçin?

Ýigit şonda-da eline ilenleri çaltlyk bilen deňze zyňmagyny dowam etdirýär:

— Günüň ýokary galanyna esli wagt bolansoň, suwam çekilip ugrady. Eger suwa oklamasaň, deňiz ýyldyzlary heläk bolar.

— O diýýäniň dogry-la welin, kenarda ýatan müňlerçe deňiz ýyldyzlary bar ahyryn. Birnäçesini deňze oklanyň bilen üýtgeýän zat barmy?!

Ýigit birbada sesini çykarman, ýaşulyny diňleýär. Soňam palçyga bulaşyp ýatan deňiz ýyldyzlarynyň ýene birini alagada, deňze zyňyp goýberýär-de:

— Ine, ýaňky deňiz ýyldyzy üçin welin juda kän zat üýtgedi — diýýär.

Mugallym çagada «kämilleşmäge taýýar ukybyň» bardygyndan habarly bolmaly. Eger şol ukyp kämilleşdirilse, il-gün üçin bahasyna ýetip bolmajak hazyna öwrülýär.

Ýatdan çykarmalyň, käte bir çaganyň durmuşyny ýekeje mugallym üýtgedýär. Käbir çagalar mekdebe diňe şol mugallym üçin barýar. Ana, şol mugallym siz boluň!

Halas edilmeli deňiz ýyldyzlary mugallymlara garaşýar.

Iňlis dilinden terjime eden
Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
97-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Watan" gazeti, 17.10.2023

Tmpedagog