Gar ýagýar zemini aklyga besläp...
(Şahyrana oýlanma)
Ynha, asmanyň zemine eçilyän ak nury bolup gar ýagýar. Ak garlar ak arzuwlaryň aýnasy. Ak garlar diňe bir zemini aklyga beslemän, eýsem kalbymyzy päkize duýgulara atarýar.
Gyş özüniň ak garlary bilen gözel. Gyşda garyň ýagmagyna hemmeler garaşýar. Şonuň üçinem, gar ýaganda şatlygymyz goşalanýar. Gar ýaganda tebigat täze, täsin keşbe eýe bolýar. Ak garlar tebigata asmanyň eçilyän peşgeşi. Megerem, kalbymyzyň şatlygyny artdyryp bilýän garlar gyşyň gudraty bolsa gerek. Ak garlar asmanyň arassalygynyň, gijeleriň aýdyňlygynyň, köňüllerimiziň aklygynyň, günlerimiziň ajaýyplygynyň alamaty.
Gar ýagmagy bilen günleriň gözelligine gözellik goşulyar. Göwünlerimizi, ömürlerimizi ak nura besleýän garlar gyşyň gymmatyny artdyrýar. Ak garlar gyşyň bezegi, dünýäniň kämilliginiň alamaty. Tebigat ak garlaryň aşygy. Şonuň üçin gar ýaganda, zemin ýüzi aklyga beslenýär:
Gar ýagýar, zemini aklyga besläp,
Gar ýagýar, kalplary şatlyga besläp,
Tebigat giripdir ajaýyp keşbe,
Durmuşyň durkuny ýaşlyga besläp.
Hakykatdanam, garlar tebigatyň keşbine ajaýyp görnüşi bagyşlaýar. Garlar arşyň sungaty mysaly, suratkeşiň döredýän ajayyp suratlaryny ýatladyp, tebigaty ak reňke boýaýar.Ýazlar gelende sähralary al-elwan gülleriň bezeýşi ýaly, gyşda ýagýan garlar, aýdyň säherlere meňzäp, tebigata terlik bagyşlaýar. Gar ýaganda, göwünlerimiziň ylhamy joşýar.
Göýä çaganyň göwni ýaly arassa ak garlar ýaganda, gulpajygymyzy tasadyp, meýdanyň tämiz howasyndan ganyp bilmän oýnan döwrümize bir pursatlyk dolanan ýaly ajaýyp duýgulary başdan geçirýäris. Kalbymyzda ak niýetleriň, ak arzuwlaryň orun tutuşy ýaly, zeminiň goýnuna ak garlar arşyň nury bolup sepelenýär. Göýä el bilen agardylan ýaly, aklyga bürenen tebigat gyşyň tämiz howasyndan dem alýar:
Dünýäniň kämilligi deý,
Ynha, ýene gar ýagyp dur.
Göwünleň tämizligi deý,
Ynha, ýene gar ýagyp dur.
Hawa, kalplarymyzyň tämizligine meňzäp ýagýan ak garlar ajaýyp sungat eserini ýatladýar. Ol eseri tebigat atly täsin suratkeş döredýär. Ondaky ak reňkde bütin barlyk öz beýanyny tapýar, tapýar-da tämizligiň, agraslygyň, sadalygyň, sahylygyň keşbini bir ýerde jemleýär.
Al-asmanyň berekedi, rysgal-döwletiň alamaty, tebigatyň sahawaty bolup, kalbymyza nur eçilýän ak garlar türkmen sährasyna ak don düşäp, hemişe ak gyşlary bezesin!
Aýjemal Gaýlyýewa,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp
öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.