05.10.2023 Döredijilik175 .

Ýaýym — ýyldyrym


Bir sapar merwşynas Azym Ahmetden: «Garagumdaky Kömürçide gandym ýakylyp, kömür gaplanan, Düýeçide düýe saklanan, Jeýrelide oklykirpi köp bolansoň dakylan atlar dogry. Ýöne Gutlyň Gurtly, Kuşmeýhanyň Kişman, Gençguranyň Geçigyran bolşy ýaly, Ýaýly alanyň ady hem Ýaýlag ýa Ýaýlym bolan bolaýmasyn” diýip soranymda Ýaýly barada şu gadymy gürrüňi aýdyp beripdi...

... Hökümdara: “Çöl içindäki çarwa obasynda guşuň gözünden urýan mergen köp” diýen habar gelýär. Ýaýçy mergenlerden goşunyna ganat toplaýan hökümdar guma tarap “täjir” edip dana weziri bilen wekillerini ugradýar.

«Habar okdan tiz geler” bolýar. Özlerinden öň habary gelen «täjirleri” üç gün myhman alan çarwalar ýaýçy syryny pynhan saklaýarlar. Az oturyp, köp synlan dana wezir, oglanly öýde ogurlygyň ýatmaýandygyny bilip, bu ýerde oglanjyklaryň, hatda gyzjagazlaryň hem oýnagynyň ok-ýaýdygyny aňlaýar.

Dana wezir «Uzak ýoly ýakyn eden atyňa rehmet, ýady garyndaş eden gyzyňa rehmet» diýip, ýaýçylar bilen guda gatnawyny açansoň, galada ýaý ýasaýan ussahana açylyp, kirşi içegedir siňirden, saçuzyndyr teletinden ýasalýan ýaýlara derek, kirşi kyrk çilliden (kyrk gat ýüpekden) örülen sary ýaýlar, ujy oda gorsalan oka derek, ujy demirden peýkamlar peýda bolýar. Täze ýaýlaryň eýelerine köne çöl mergenleri halypalyk etmek bilen: «Oguz hanyň sylagy sary ýaý, synagy peýkam bizdedir” diýip, özleriniň aslynyň Türkmen Ögürjik Alpyň üçünji ekizleri Diňli-Ýaýlyň neslindendigine guwanypdyrlar. Duşmany naýza atyma getirmän, paýhynlaýan ýaýçylar ok-däriniň, tüpeňiň ýok wagty sapançylar bilen deň derejede sylanypdyr. Olar ýalpyldawuk galkanyny Güne tutup, ganymyň gözüni gamaşdyryp, ujy zäherli, otly peýkamy bilen duşmany dowla salyp, ýerli halka mugjyzalylar-gudratlylar bolup görnüpdir. Hökümdar keýpiniň güllän çagy ýaýçylary ýap boýuna müşrip edip, mülk ýer berse-de, gumlular: «Ýaý egriligi üçin elde galýar, ok dogrulygy üçin uzakda bolýar” diýip, çöle çekilýärler. Maňgyşlakda Tenek mergen, ahaldaky On gulaç guýuda Aba mergen, Bathyzda Emir ýaýçy, sakarçägede Naýza mergen, garakölde Salak peýkam, lebapda Gylyç mergen ýaly at göterýän ýerler türkmeniň gadymy ýaýçy tiresiniň ýaýran hem ýaşan mekanlarydyr. «Barmagy başga diýme, bilegi bir. Tiresi başga diýme, dilegi bir» diýýän türkmen agzybirligi arzuwlap, serdaryny söýüp, sarpalap, Watanyna wepalylygyny görkezip bilýän beýik millet bolupdyr...

...Gadymyýetiň gürrüňi gutaransoň, gözýetimdäki guba çägede “Atym — ganatym, silkmäm — zynatym. Ýaýym — ýyldyrym, tüweleý — şaldyrym. Gyljym — ýalyn, gamçym — ýylan. Topulşym — gurt, sözüm — mert. Oturşym — aýbogdaş, iýýänim — uja bilen ýagly döş» diýip, atyny çarpaýa galdyrýan Hydyr gören türkmen göz öňüme gelipdi.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazetim 05.10.2023

Tmpedagog