04.10.2023 Döredijilik335 .

Şygryýet


Juwan pedagog

Entek ýaş wagtyňda, juwan çagyňda
Bilim bermek arzuwyňdy pedagog.
Arzuwlap käriňe ýetmek aňyňda,
Gijäni gündize çalşan pedagog.

Watan geljegine yhlasyň synmaz,
Çagalara söýgiň ölçege sygmaz,
Tijenip okaýşyň nazardan gitmez,
Maksatly myrada ýetdiň pedagog.

Mermerden binany mukaddes görýäň,
Mekdebi hormatdan maňlaýa sylýaň,
Güler ýüzüň bilen salamyň berýäň,
Görelde çeşmesi - şanly pedagog.

Sapagy atalar sözünden başlap,
Kärini arzuwlan ýyllaryn ýatlap,
Bilimi berende ýüregi hoşlap,
Hormaty gazanan juwan pedagog.

Berkarar döwletiň täze eýýamy,
Galkynyş döwrüniň gözel binýady,
Türkmeniň ajaýyp Watan zürýady,
Kesbine mynasyp şanly pedagog.


Mugallym gelin

Kärine höwesli mähriban ynsan,
Mydam güler ýüzli mugallym gelin!
Mekdebe howlugar her säher, her şam,
Köňle mähir paýlan mugallym gelin!

Söz sözlese göreldedir hemişe,
Yhlas bilen ýapyşar ol her işe,
Zähmet bilen bekär gündiz hem gije,
Abraýdan don geýen mugallym gelin!

Gözlerine mähir guýlan ýalydyr,
Göreldesi ata­baba ýoludyr,
Arzuwlary ak geljege sarydyr,
Ýürekdeş ynsandyr mugallym gelin!

Ýadamaz ol, yhlaslydyr kärinde,
Her ynsana mähir­söýgi bar onda,
Bilime teşneler onuň ýanynda,
Hormatdan bezenen mugallym gelin!

Döwranguly ANNAGULYÝEW,
Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy.



ahal.info

Tmpedagog