03.09.2023 Döredijilik267 .

Ak mekdebim


Ak mekdebim — bilimleriň ojagy,
Bürenmiş çar ýanyň lälezarlyga,
Göwün maýyl bu ajaýyp barlyga.

Bag-bakjaly, gül-gunçaly goýnuňda,
Toý tutulýar kalby heýjana salyp,
Aýdym-saz ýaňlanýar asmana galyp.

Dabaraňa ýygnanypdyr mekdebim,
Säheriň nury deý nurlanan ýüzler,
Çeşme suwy deýin durlanan gözler.

Gel, Bilimler we talyp ýaşlar güni,
Arzuw-hyýallaryn köňülde beslän,
Şadyýan çagalaň dilinde dessan.

Garaşýarlar ilkinji jaň sesine,
Okuw esbaplaryn saklap destinde,
Buýsanjymyz Baýdagmyzyň astynda.

Seniň gujagyňda bagtyýar nesil, Bilim şerbedinden bada içerler, Kitap bilen dünýäň syryn açarlar.

Çerkez Esenow.
"Balkan" welaýat gazeti, 31.08.2023

Tmpedagog