19.08.2023 Döredijilik577 .

Yhlasa — myrat (hekaýa)


— Näme etmeli?! — diýen sowal bilen mugallym özüne eýýäm näçenji gezek ýüzlendi.

— Näme etmeli?!

Ol bir-de, gök ruçkasyny eline aldy, bir-de, gyzyl. Göýä, bu ruçkalaryň ikisi hem: «Mende ýaz-da, mende ýaz» diýşip, öz aralarynda jedelleşip, mugallymyň elinden düşesleri gelmeýän ýalydylar.

Eýsem, näme etmeli? Hakyna garanyňda, häzir gündeligiň şojagaz öýjügine gyzyl reňkli barmaly. Aýlar mugallym muňa aňryýany bilen düşünýärdi. Ýöne Merediň edýän yhlasyny görüp, oňa halys dözenokdy. Onuň her gezek pes baha alanda, gözüni ýaşlap, ýumruklaryny berk gysyp, hyrçyny dişläp, başyny ahmyrly ýaýkaberşine indi birnäçe wagt bäri mugallym biparh seredip bilenokdy. Her gezek ýüregi gyýlyp gidýärdi. Hasam beter, soňky döwür Merediň yhlasynyň peselip, depderini göwünli-göwünsiz açyp, hälki bir seredip, bar zada şol depder günäkär ýaly, bir gyra süýşürip goýbermesi mugallyma otly köýnek geýdirýärdi.

«Hany, bir gezek synap göreýin. Mugallym az-maz ýalňyşy bagyşlamaly, bildirmän düzedip goýbermeli dälmidir näme?! Şonda okuwçam öz eden säwligini, goýberen ýalňyşyny gaýtalamajak bolar. Meret munuň üçin, gör, nähili begener, begenmek näme, guş bolup uçar. Özüne bolan ynamy artar».

* * *

— Eý, waý, bäşlik! — diýen ses synp otagynyň içini ýaňlandyrdy. Ýüzi ýagtylan mugallym: «Gör-ä, garaşyşym ýaly boldy» diýip, öz ýanyndan çalaja ýylgyrdy. Okuwçysynyň begenji özüne geçen mugallym tas baryp Meretjigi gujaklapdy. Synpdaşlarynyň käbiri haýran galyp Merede seredýärdiler.

Meretjigiň bolsa begenji içine syganokdy. Bäşligini depderinden sogrup alyp, bagryna basaýasy gelýärdi. Mugallymyň ony öwüp aýdan sözlerine bolsa tas uçupdy. Çaltrak öýlerine ýetesi, şatlygyny öýündäkiler bilen paýlaşyp, olary hem begendiresi gelýärdi. Ylgaýşyna aýaklary ýere degmän, howada uçup barýan ýalydy.

Merediň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, öňünden ylgap çykan Alabaý bir üýtgeşikligiň barlygyny derrew aňdy. Merediň şatlygyny paýlaşmakçy bolýan ýaly, baryp kitap-depderli bukjasyny ysgady. Meretjik onuň bilen birsellem hezil edip oýnady. Tamdyra çörek ýapyp duran ejesiniň ýanyna nädip ýeteninem duýmady. Ony gujaklap, demi-demine ýetmän, tolguna-tolguna 5-lik alanyny buşlady. Eje üçin öz çagasynyň üstünligine buýsanmakdan uly bagt barmyka beri?! Bibiniň begenjinden ýaňa gözleri ýaşaryp gitdi. Balasyny mähir bilen bagryna basdy. Oglunyň bäşlikçi bolmagy onuň hem gije-gündiz aladasydy ahbetin. Balasynyň hernäçe yhlas edip taýýarlansa-da, bäşlik alyp bilmän, kemşerip:

— Eje, näme üçin, men näçe köp okasam-da, bäşlik alyp bilemog-a? — diýen soragyna:

— Sabyr et, oglum! Alarsyň, hökman alarsyň — diýip, oglunyň başyny mähir bilen sypap jogap berende, ünjä gaplanýardy ahyry. Çagasynyň azabynyň ýerine düşmeýänine gyýlyp, oňa duýdurman aglaýan wagtlaram az däldi. Joralary öz ogullarynyň alýan bäşlikleri barada öwnüp gürrüň berenlerinde kemsinerdi. Indi onuňam oglunyň bäşligi bar. Ol hem bu barada joralarynyň ýanynda süýjüdip öwner.

Meretjik tamdyrdan çykan ýyljajyk çöregi suwa batyryp iýmäni şeýle bir gowy görýärdi. Ejesi:

— Oglum, biraz garaş, häzir men saňa ýyljajyk çörek berjek! — diýdi.

Meret:
— Ýok, eje, häzir däl. Soň gelip iýerin. Men gidip, bäşlik alanymy atama, eneme buşlaýyn — diýip, onuň ýanyndan ýelk ýasady.

Atasy hem bu habary eşidip, iki bolup bilmedi. Meret atda gezim etmegi gowy görerdi. Bu gün bolsa Anna aga Meredi ýadaýança atda gezdirdi.

Enesi Orazgül eje hem bu habary eşidip, gözlerine ýaş aýlady. Gelnine derrew Merediň gowy görýän naharyny taýynlamagy tabşyryp: «Hany, özümem kömekleşeýin, ajygandyr ol» diýip, gyrmyldap ugrady.

Meretjik bäşlik alanyny buşlamak üçin sabyrsyzlyk bilen kakasynyň işden gelerine garaşdy. Garaşdygyça-da, wagt sallanjyrap, haýal geçýän ýalydy.

Agşam naharyna üýşen maşgalanyň esasy gürrüňi Merediň bäşligi hakda boldy. Meredi öwme kemini goýmadylar.

Öý işlerini Meret has yhlasly ýerine ýetirdi. Ol ýatmazyndan öň eýýäm näçenji gezek gündeligini açyp, bäşligine seredip, begenip, ony mähirli sypap, ýene-de olary has-da köpeltmegi hyýal edip, süýji uka gitdi. Merediň bäşligini gowy görşi ýaly, bäşligi hem ony gowy gördi öýdýän. Gije onuň düýşüne girip, baý, begendird-ä.

Ertesi oglanjyk öňkülerinden has ir turdy, beýlekilerden öň mekdebe ýetesi gelip, ýürejigi atygsap durdy. Bäşlikleriniň sanyny has köpeldesi gelýärdi.

* * *

— Diktantymyzy ýazmaga başlaýarys — diýip, okuwçylara ýüzlenen mugallymyň ünsüni Merediň bolşy özüne çekdi. Onuň dogumly oturyşy Gyratda gaýraty içine sygman oturan Göroglyny ýatladýardy.

* * *

Mugallym gözlerine ynanmady. Merediň depderini gaýta-gaýta okady, emma ýalňyş tapyp bilmedi.

— Bu nähili täsinlik?! Meret näçe yhlas etse-de, ýalňyşsyz diktanty şu güne çenli ýazyp bilmändi ahyry. Diýmek, özüne ynansa, adamyň başaryp bilmejek işi ýok eken — diýip, Aýlar mugallym begenjinden ýaňa uludan demini aldy. Depderdäki ýazgylaryň aşagynda juda sünnälenip goýlan 5-lik ýalpyldap durdy.

Jemal ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

"Zenan kalby" žurnaly, 08.2023

Tmpedagog