09.01.2023 Döredijilik108 .
Kümüş Rejepowanyň şygyrlary
WATAN
Gözi gidip bakýar barça.
Geýinip sen bu gün parça,
Barha öňe barýaň, Watan!
Gül goýnuňda ganat ýaýdym,
Seniň bilen ýollar aýdyň,
Dillerimde soňsuz aýdym,
Joşgunymy berýäň, Watan!
Baky hany-manym sensiň,
Damarymda ganym sensiň,
Jigerimde janym sensiň,
Gursagymda urýaň, Watan!
Ösüşleriň alyp bady,
Boldy göwünleriň şady,
Haýran edip ýakyn-ýady,
Binalary gurýaň, Watan!
Bereket bar aşymyzda,
Gaýgy ýokdur başymyzda,
Baky gala daşymyzda,
Pena bolup durýaň, Watan!
EJEME
Kemal tapan gujagymda ýerläýin.
Aladaly, galagoply dünýäniň
Allaryna hiç özümi bermäýin.
Ýogsa meniň bu ejizje göwrämi
Sensiz sowuk şemal daglap barýar-la.
Düşünemok, käte dost diýenlerim
Neçün ýollarymy baglap barýar-la?!
Sensiz düşünemok käbir zatlara,
Sowallarym çenden aşdy, birgiden...
Ýogsa, bilýän, kösenji az görenok,
Höwürtgeden uçup giden bürgüdem.
Kämillige kämil bolup gelene,
Parh goýmaz munda utmak, utulmak.
Eje, seniň gujagyňa baş goýsam,
Her bir zatdan aňsat düşer gutulmak.
Şonuň üçin dolup seniň gujagňa,
Az salymlyk unudaýyn hesermi.
Bilýän ahyr gara başym sypasaň,
Synan göwnüm tapar gider teselli.
Seň mähriňden pürepür bu gursagym,
Taplanar-da, ýyllar geçer, özgerer.
Barybir men özüm bolup galaryn,
Bilýän, men hem bolup bilmez özgeler.
KEŞDÄM
Hiňlenip dur guba-gazym.
Asyl, gördüm ýaýlaň ýazyn,
Bakyp saňa doýman, keşdäm.
Ýürek berip söýdümmi ýa,
Sökülmejek öýdümmi ýa,
Gursagymda aýdymmy ýa,
Gamly göwnüm toýlan keşdäm.
«Kürte goçak», «älem» nagşy,
Owadandyr «säher ýagşy».
Dutar alyp saýrar bagşy,
Çeksem, elden goýman, keşdäm.
«Süňşük», «tegbent», «çaňňa», «öwrüm»,
«Güneşiňde» nurly döwrüm.
«Gülýaýdyda» çekip şöwrüň,
«Keýik yzda» oýnan keşdäm.
Sende söýgim, sende tobam,
Sende ene, mamam, obam.
Goý, ýitmesin, etsin dowam,
Asyrlary boýlan keşdäm.
Kümüş REJEPOWA,
Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
“Nesil” gazeti, 2023- nji ýylyň 7-nji ýanwary