27.05.2023 Döredijilik236 .

Aýjemal Gaýlyýewanyň goşgy çemeni


Mähriban ojak

25-nji maý ýene soñky jañ,
Ýene mähriban heñ, ýene tanyş ýañ,
Şol eziz ojakdan tapypdym ylham,
Bu gün mekdep ýyllarmyzy küýsedim.

Maşgala deý bir gapydan ätledik,
Belki ýokdur ikilikden datmadyk,
Arasynda bäşliklerem ýatladyk,
Bu gün mekdep ýyllarmyzy küýsedim.

Ýürekler şat wagty aýdym aýdardyk,
Şol mähriban ýoldan öýe gaýdardyk,
Ah, o günler ömürlikdir öýderdik,
Bu gün mekdep ýyllarmyzy küýsedim.

Uçurym deý uçup gitdi o ýyllar,
Ýyldyrym deý geçip gitdi o ýyllar,
Synpdaşlary seçip gitdi o ýyllar,
Bu gün mekdep ýyllarmyzy küýsedim.

Synpdaşlarmyz, goý sagbolsun janyñyz!
Gowşamasyn bu durmuşda badyñyz!
Toýlarmyzda çykyp dursun adyñyz!
Bu gün mekdep ýyllarmyzy küýsedim.

Bagtyýar Aşgabadym

Dünýäň merjen şäheri,
Salkyn saba-säheri,
Ýatladyp dur mähiri,
Söýgä ýugrulan adyň.
Bagtyýar Aşgabadym.

Binalaň misli keşde,
Öwrüldiň sen behişde,
Tarypyň dünýä eşde,
Artýar şanyň-şöhradyň,

Arkadag yhlasynda,
Özgeren ykbalyňda,
Älemiň ykrarynda
Asla gowşamaz badyň,
Bagtyýar Aşgabadym.

Mermer köşkler köňlüňde,
Görmändiň sen ömrüňde!
Galkynyşly döwürde,
Ösüşlerde ganatyň,
Berkarar Aşgabadym.

Aşgabadyň agşamlary

Göwne gözellik getirýär,
Aşgabadyň agşamlary,
Ak şähere nur eçilýär,
Aşgabadyň agşamlary.

Joş urýan ylhama salam,
Şahyrlaň kalbyna kelam,
Gözel geljege dowam,
Aşgabadyň agşamlary.

Bagtyň keşbine meňzeýär,
Gülleň müşgüne meňzeýär,
Köňül köşgüne meňzeýär,

Kämillige siňen sungat,
Mähirden çekilen surat,
Elde döredilen gudrat,
Aşgabadyň agşamlary.

Gözellige ybadatsyň,
Göýä dünýä syýahatsyň,
Beýik bagtdan ybaratsyň,


Aýjemal Gaýlyýewa,
Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy, şahyr.



Tmpedagog