10.05.2023 Döredijilik104 .

Ýürek gahrymanlary


Aşgabat garaşdy, dünýä garaşdy,
Mert ýigitler Watan üçin göreşdi,
Bu ýöne ýeňiş däl, «Beýik Ýeňişdi»,
Gahrymanlar baky ýaşar gursakda.

Döwürler aýlanýar, aýlanýar heňňam,
Diýilse-de wagt bar derde derman,
Kär etmedi ýyllar, çekildi arman,
Gahrymanlar baky ýaşar gursakda.

«Uruş» — bir söz ýöne durşuna apat,
Bermedi Watana, jahana rahat,
Bu gün ýurt berkarar, döwür parahat,
Gahrymanlar baky ýaşar gursakda.

Asman zemin elenipdi dumana,
Gideni hak, dolanjagy gümana,
Watan üçin öwrüldiler armana,
Gahrymanlar baky ýaşar gursakda.

Beýik Ýeňiş sende mertleriň ruhy,
Gerçekleň gaýraty parlatdy tugy,
Olar Watan ogly, dünýäniň ogly,
Gahrymanlar baky ýaşar gursakda.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy, şahyr.



Tmpedagog