06.05.2023 Döredijilik1694 .

Mugallym


Çagalykdan döwtalapdym käriňe,
Sözleň çyrag kalba gözbaş mugallym.
Indi aňýan işiň jogapkärligne,
Zähmetiň her ömre ýoldaş mugallym.

Tirip mowzuklaryň many-maňzyny,
Saýaňyzda ýüzýäs ylym deňzini.
Gizläp bizden argyn düşen meňziňi,
Tema düşündirdiň ýoldaş mugallym.

Diýýärdiň: "Kitapdyr bilim açary,
Okap täze açyşlary açaly".
Unutmarys zehin ýoly açany,
Enem deýin mährem, eziz mugallym.

Gursaga ýazypdym ähli aýdanyň,
Dikip köňle bäşlik bahaň baýdagyn.
Gyzyldan gymmatly pähim-paýhasyň,
Depderde däl, ýürekdedir mugallym.

Dünýä aýlanyp dur dek çarhypelek,
Çyn ussada diýrler ýerdäki melek.
Salymlyk mütdetden duşursa pelek,
Sanlyja ýyllardan kärdeş mugallym.

Şöhrat MYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň koreý dili
hünäriniň 4-nji ýyl talyby.



Tmpedagog