01.05.2023 Döredijilik75 .

Ahalteke bedewi


Kişňäp, çarpaýa galar,
Ahalteke bedewi.
Adam deý halym biler,
Ahalteke bedewi.

Türkmeniň päk syrdaşy,
Dosty hem-de gardaşy,
Ýola çyksa ýoldaşy,
Ahalteke bedewi.

Synlap doýman keşbiňi,
Sen — köňlümiň joşguny,
Ýada salýaň ýaşlygy,
Ahalteke bedewi.

Dakynyp şaý-sepleri,
Haýran edip köpleri,
Ýyndamlygyň mekdebi,
Ahalteke bedewi.

Guwanyp seň adyňa,
Ýelden ýüwrük badyňa,
Toý tutulýar şanyňa,
Ahalteke bedewi.

Guwançmyrat ALÝAROW,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy,

"Balkan" welaýat gazeti, 27.04.2023

Tmpedagog