24.04.2023 Döredijilik75 .

Sagdynlyk


Janly-jandar örmänkä,
Ir säher oýanýaryn.
Saglygym elimdekä,
Özüme daýanýaryn.

Bu gün size aýdaýyn,
Günde endik edenim.
Dürli maşklar bilen,
Taplaýaryn bedenim.

Soňra ylgawa başlap,
Ellerim hereketde.
Ýuwaşja pyýadalap,
Gezmeleýän, elbetde.

Daňyň sergin howasy,
Göterýändir göwnüňi.
Hemra kylsaň sporty,
Uzaldýandyr ömrüňi.

Arman-ýadaman mydam,
Maşk etseň bekär teniň.
Ýol-ýörelgäň, göreldäň,
Sport bolsun, goý, seniň!

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Güneş" žurnaly, 2023-№4

Tmpedagog