Kerem-keramatdyr ene alkyşy
(Şahyrana oýlanma)
Ynsan balasynyň öz mähremine, mähribanyna, janyndan jan beren, ýaşaýşa getiren käbesine bolan buýsanjynyň, guwanjynyň, minnetdarlygynyň çägi ýokdur. Mähriban eneleriň aladasyny duýmakdan, gar kimin päk dileglerini, alkyşlaryny diňlemekden uly lezzet, bagt, megerem, ýok bolsa gerek. Ynsan balasynyň ýüreginde hemişelik orun alan mukaddeslik bolan enelerimiz ömürlik hormata, söýgä mynasypdyr. Mährem käbeler hakynda ýürekden syzdyrylyp ýazylýan goşgularam, joşup-joşup aýdylýan aýdymlaram ömürlikdir. Olara bolan egsilmez söýgi şol aýdymlarda, goşgularda jemlenendir.
Enäniň alkyşy jana melhemdir,
Dertlemez enäniň alkyşyn alan.
Şahyrdyr, bagşydyr, ägirtdir, ärdir,
Ene alkyşyna mynasyp bolan.
Dünýäň gözelligi enä baglydyr,
Durmuşda kän zatlar baglydyr enä.
Eneler gamlansa daralar dünýä,
Enäni ynjytmak — iň agyr günä.
«Ömrüň zyýat bolsun, balam!» diýerler,
Eneler hyzmatdan razy bolanda.
Kerem-keramatdyr ene alkyşy,
Ynsan alkyş bilen galar belende.
Ogulsenem ORAZTAGANOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Balkan" welaýat gazeti, 13.04.2023