19.03.2023 Döredijilik278 .

Pyragynyň goşgulary


Pyragynyň goşgulary

Mertler dogry ýoly gözlär,
Ozan, bagşy ili gözlär,
Şükür, türkmen tilin sözlär,
Pyragynyň goşgulary.

Pähim-pendi ganat ýaýýar,
Teşne köňli nura çaýýar,
Ula-kiçä nusga bolýar,
Pyragynyň goşgulary.

Watan bardyr gujak gerjek,
Ömürboýy ezizlejek,
Ynha, şu gün — geçmiş — geljek,
Pyragynyň goşgulary.

Adamzadyň yşky sende,
Mertebäň bar arş deňinde.
Iman ýaly her köňülde,
Pyragynyň goşgulary.

Halallykdyr — şerden üstün,
Aňyýete baky sütün.
Dowam bolsun dowamatyň,
Pyragynyň goşgulary.

Göwnüme, Pyragy ýanymda ýaly

Dünýäň çar künjünde «Türkmen» diýilse,
Hormat goýup, ezizlense, söýülse,
Saçakda jem bolup, dana uýulsa,
Göwnüme, Pyragy ýanymda ýaly.

Şygryýetiň hoşalaryn çöpleseň,
Ýagşy zady ýagşylyga sepleseň,
Jahan içre öz dilimde geplesem,
Göwnüme, Pyragy ýanymda ýaly.

Aklyk ýuwar göwündäki tegmiliň,
Sözüňden, aňryňdan bilner kimligiň.
Buýsanyplar göge zyňsam telpegim,
Göwnüme, Pyragy ýanymda ýaly.

Dünýä seniň goşgularňa bendiwan,
Olar baky garramaýar, nowjuwan.
Adamlary görsem juda mähriban,
Göwnüme, Pyragy ýanymda ýaly.

Şükür, bagta barýar nurana günler,
Arkadag ýurdunda bagtyýar iller.
Täze şygyr bolup, açylsa güller,
Göwnüme, Pyragy ýanymda ýaly.

Seždegähim, Magtymguly!

Günler elwan çemen bogýar,
Neneň gowy, ylham çogýar.
Alnymyzdan ak Gün dogýar,
Seždegähim, Magtymguly!

Gerekli daş artyk däldir,
Paýhas täji ýagşy päldir.
Saýlanym şu kesbi-kärdir,
Seždegähim, Magtymguly!

Ile berýän artygymy,
Görýän gowluk artanyny.
Ýazsam şygryň agrasyny,
Seždegähim, Magtymguly!

Güller açýar sende ülkäm,
Şygyrlaryň — ýagty ertäm.
Dowamlydyr hormat-sarpam,
Seždegähim, Magtymguly!

Şu Watandyr Magtymgulyň arzuwy

Geldim huzuryňa, şygyrly dünýä,
Bu ýaşyl ýaýlalar — oguzlar ýurdy.
Şu Watandyr Magtymgulyň arzuwy,
Ýerdäki jenneti Arkadag gurdy.

Nesillere ýol-ýörelge gojalar,
Öwüt berer, pata berer her işe.
Çaý başynda söhbet eder, okarlar,
Pyragynyň goşgularny hemişe.

Dana Magtymgulyň şygyr dünýäsi,
Täze günüň nurlary deý şuglazar,
Asyrlara uzan paýhaslaryndan,
Goja dünýä güller açýar, lälezar.

Beýik dana Magtymguly, Arkadag,
Watan şany, guwanjy Siz, çyn ärler.
Pikirler deňiz deý şeýle çuň bolsa,
Arşa sary boý alýandyr çynarlar.

Hudaýguly GOÇOW,
Kerki etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Esger" gazeti, 16.03.2023

Tmpedagog