17.03.2023 Döredijilik135 .

Körpelere okap beriň!


Mugallym

Ak mekdebe kän gatnap,
Sözleňden aldym many.
Öwretdiňiz siz maňa,
Okamany, ýazmany.

Ýadaman hem ýaltanman
Berdiňiz kämil bilim.
Wasp edip Watanmyzy,
Bu gün saýraýar dilim.

Mydam alkyş aýdýaryn,
Mugallymym, adyňa.
Bilim, terbiýe berdiň
Siz Watan zürýadyna.

Biz bilimli ýaş nesil,
Joşup aýdýarys aýdym.
— Sag bol, ýoldaş mugallym!
Ýol ýagty, geljek aýdyň!

Kitap

Kitap alyp elime men,
Öwrendim kän okamany.
Boş wagtlarym ürç edindim,
Almak üçin ondan many.

Aýlar, günler geçdigiçe
Okadym men köp kitaby.
Ünsüm berip manysyna,
Okap çykdym ençe baby.

Günbe-günden artyp aňym,
Giňäberdi meniň dünýäm.
Kitap açdym, many saçdy,
Kän zatlara düşünýärin.

Hemmä belli, hemmä aýan,
«Kitap bilim çeşmesidir!»
Ony söýüp okaýanlar,
Kitaplaryň teşnesidir.

Pirnepez ÖWEZLIÝEW,
şahyr.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.03.2023

Tmpedagog