09.03.2023 Döredijilik81 .

Gül beriň!


Gol gowşuryp, başyň egip öňünde,
Beriň, enäň ellerine gül beriň!
Arzuw baryn besläp gelip göwünde,
Beriň, enäň ellerine gül beriň!

Bu gün bahar, gözelligiň baýramy,
Zemin görki gözelleriň baýramy,
Mähir-söýgi gönezligniň baýramy,
Beriň, enäň ellerine gül beriň!

Eneler dur goja zemin üstünde
Ýaşaýyşyň gözbaşynda, aslynda,
Jennet bardyr aýagynyň astynda,
Beriň, enäň ellerine gül beriň!

Ynsan kowmy mydam mähre teşnedir,
Göwün dünýä seýran eder, keşt eder,
Enelere sežde — Käbä seždedir,
Beriň, enäň ellerine gül beriň!

Dünýä bahar enäň ýyly deminden,
Alkyş alyň eneleriň dilinden,
Baş egiň, dyz epiň, tutup golundan,
Beriň, enäň ellerine gül beriň!

Annageldi BEKIÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
33-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti. 08.03.2023

Tmpedagog