09.03.2023 Döredijilik167 .

Ýürek buýsanjy


Bu gün ýürek, goý, tolgunsa tolgunsyn,
Joşsun, şatlygyndan daşsyn, tolkunsyn,
Galkynsyn, eneleň göwni galkynsyn,
Eneleriň baýramydyr bu baýram.

Diller däl, goý, bu gün ýürek saýrasyn,
Waspynda sözleriň dürün saýlasyn,
Enäň bagty ýene dünýä ýaýrasyn,
Eneleriň baýramydyr bu baýram.

Ýürek öz ýerinde durmaz gobsuna,
Mähre, söýgä, bagta sary owsuna,
Giň dünýä çoýunýan ýürek howruna,
Eneleriň baýramydyr bu baýram.

Uýuň paýhasyna, uýuň pähmine,
Hiç bir yşk taý gelmez ýürek mährine,
Giň jahan ýerleşýän köňül şährine,
Eneleriň baýramydyr bu baýram.

Öňe Arkadagly Serdary bilen,
Bagry badaşan öz Diýary bilen,
Alkyşlar kalbynyň her tary bilen,
Eneleriň baýramydyr bu baýram.

Jänegül GURBANOWA,
Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti. 08.03.2023

Tmpedagog