Tekepbir bägül
Mylaýym bahar günleriniň birinde, gyzylja bägül daş-töweregine gözellik paýlap, açylyp otyrdy. Bägülüň golaýyndaky ananas agajy: “Nähili owadan gül. Menem şonuň ýaly ajaýyp bolsadym” diýýär. Başga bir agaç bolsa: ”Mähriban ananas, gamlanma. Hemme zat bir zatda jemlenip bilmez” diýip, ananasa göwünlik berýär.
Bu gürrüňlerden özüçe many çykaran bägül: “Bu sözler tokaýyň iň owadan güli mendigimi aňladýar” diýip, buýsançly dillenýär. Şolbada Günebakar sary kellesini ýokary galdyryp, bägülden soraýar: “Näme üçin beýle diýýäň? Tokaýda owadan güller köp. Sen olaryň içinden diňe birisi ahyry”. Bagül ulumsylyk bilen jogap berýär: “Hemmeler meniň gözelligime haýran galmak bilen seredýärler”. Soňra bägül kaktusa seredip, göwnüýetmezçilik bilen sözüni dowam edýär: “Hana, ähli ýeri tiken-tiken bolup duran kaktusa serediň, maňa serediň!”
Bägüliň bu sözlerinden göwni suw içmedik ananas agajy dillenýär: ”Gyzyl bägül, sen nämeler diýýäň?! Seniňem tikenleriň bar ahyry. Owadanlygyň, gözelligiň aslynda, nämededigini bir bilsediň, beýle gürlemezdiň!”
Tekepbir bägül ananas agajyna gaharly seredip, jedirdäp başlaýar: ”Men seniň gowy tagamyň bardyr öýdüp pikir edýärdim. Sen bolsa gözelligiň nämedediginem anyk bilmeýän ekeniň. Meniň tikenlerimi hiç haçan kaktusyň tikenleri bilen deňeşdirip bilmersiň”.
Bägüliň bu sözlerinden soň agaçlar başlaryny ýaýkaşdylar: ”Nähili tekepbir bägül”.
Şondan soňra bägül gahar edip, köklerini kaktusdan uzaklaşdyrmaga synanyşýar, emma başaryp bilmeýär. Şol bolşuna-da hüňürdeýär: “Şeýle ösümligiň goňşusy bolanyma diýseň gynanýan. Gynansak-da, tebigatda hiç zada peýdasy bolmadyk ösümliklerem ýaşaýar”.
Kaktus bu sözleri birjikde göwnüne almaýar, hatda gedem bägülüň sözlerine jogabam bermeýär.
Bahar sowlup, howa gün-günden yssy bolup başlaýar. Ýagyş ýagmaýandygy üçin, tokaýda ýaşaýyş kynlaşýar. Biziň tekepbirje bügülimiz bolsa yssa çydaman, ýuwaş-ýuwaşdan solup ugraýar. Şeýle jöwzaly günleriň birinde bägül serçeleriň kaktusa gonýandyklaryny soňra janlanyp, uçup gidýandiklerini görýär. Bägül bu ýagdaýa düşünmän, ananas agajyndan soraýar. Ananas agajy bolsa serçeleriň kaktusdan suw alýandyklaryny aýdýar. Bägül ananasdan: ”Olar kaktusyň janyny agyrtmaýarmyka?” diýip soraýar. “Elbetde, agyrdýar, ýöne ol guşlaryň halyna dözmeýär”. Bu jogaba bägül tolgunyp, gözlerini uludan açýar. “Diýmek, kaktusda suw köp-dä?” “Elbetde, ondan senem içip bilersiň. Sen kaktusdan kömek sorasaň, serçeler saňa-da suw getirip bererler”.
Bägül kaktusdan suw soramaga diýseň utanýar, şonda-da ahyry gyzaryp-bozaryp soraýar. Kaktus bolsa bägül bilen mähirli ylalaşyp, dessine oňa suw berýär. Serçeler agyzlaryny suwdan dolduryp, bägüliň köklerini suwa ýakýarlar.
Şeýlelikde, bägül daşky görnüşe garap, baha bermegiň dogry däldigini öwrenýär we bu oňa uly sapak bolýar.
Iňlis dilinden terjime eden: Ogulsuraý MEDEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
20-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.