05.03.2023 Döredijilik176 .

Bir zenan bar...


 Ýaşaýşyň ähli zerurlyklaryň sende jemlenmegi üçin saňa ýaşlygyny, tutuş ömrüni bagyş eden, ähli eçilenleri üçin senden hiç zat islemeýän, öz isleglerini soňa süýşürip, seniň ähli arzuwlaryňy hasyl etmek üçin barja baýlygyny sarp edýän sahy, ünji-aladaňy gözleriňden okaýan, dertleriňe em tapýan tebip, eger bilmän hata edäýseň, şübhesiz, günäni öz boýnuna aljak pidakär, öz rahatlygyny, oý-pikirini diňe saňa gönükdiren penakär... Bu sanawyň yzyny näçe isleseň uzaldyp bolar. Onuň bagyşlaýşy ýaly hiç kim seni bagyşlap bilmez, onuň söýşi dek, hatda özüňem özüňi söýüp bilmersiň. Umman deý söýgüsini, yhlasyny siňdirip, yssydan, sowukdan gorap, ezizleýşi ýaly hiç kim seni ezizläp bilmez. Şeýle zenan bar...

Aýgül NAZAROWA,
Boldumsaz etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 03.03.2023

Tmpedagog