Mekdep ýyllarymyň “Bahar oýlanmalary”
“Ilkinji” sözi köpümiziň hyýalymyzda “durmuş kitabynyň” sahypalaryny bezeýän ilkinji pursatlary, ädimleri, arzuwlary, maksatlary, olaryň amala aşan menzillerini, ilkinji dosty, jorany, onuň bilen çagalygyň dünýäsine siňen “gurjak-gurjak, maşyn-maşyn”...oýunlaryny...başga-da kän “ilkinjileri” janlandyrýandyr. Şolaryň arasynda her birimiz üçin has ýürege ýakyny, elbet-de, ilkinji mugallym. Özüm babatda aýdanymda, orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysykam, ilkinji metbugat çykyşym — “bahar oýlanmalaryny” ýazmagyma sebäp bolan ilkinji türkmen dili we edebiýat mugallymym Gözel Öräýewanyň bu tagallasyny mugallymçylyk kärine döredijilikli çemeleşmesi hasaplaýaryn. Munuň hakykatdanam şeýledigine, özüm bu asylly käriň eýesi bolanymdan soň-a, hasam oňat göz ýetirdim. Okuwçynyň durmuşda öz ornuny, ýoluny bökdençsiz tapmagy üçin, heniz mekdep ýyllarynda taplanmagynda mugallymyň, onda-da ilkinji mugallymyň zähmetiniň, hyzmatynyň uludygyny, şoňa görä mugallymyň hem okuwçynyň, onuň ene-atasynyň öňündäki hormatynyň belentdigini ählimiz bilýäris.
Döredijilik ýolumyň başlangyjynda “Mugallymlar gazeti” gazetinde çap edilen “Bahar oýlanmalary” atly ilkinji metbugatdaky çykyşymy her gezek ýatlanymda, mugallymymyň talapediji, döredijilikli nazary hyýalymda janlanýar. Baharyň ilkinji gününde şol ilkinji “Bahar oýlanmalaryny” okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim:
Bahar! Bu sözüň manysyny kalbyna salyp düşünen ynsan, şunuň ýaly owadan dünýäde ýaşaýandygy üçin özüni bagtly saýar. Allanyň emri arkaly hiç zat bilen çalşyp bolmajak ajaýyp zadyň — ýaşaýşyň öz gözelligini bahardan alandygyna düşüner. Ýaşaýşyň gözellikleri baharda jemlenen. Dünýäde adamzadyň bahar pasly baradaky oýlanmasyndan ýakymly pursady ýok bolsa gerek. Adamzat gözelligiň gözbaşy bolan bahar paslyna ýüreginiň töründen orun berýär. Adam ýaşynyň näçedigine garamazdan, ýaşaýşyň gözelliginden ganmasyny bes edenok.
Baharyň gözelligi keramat saýylýan enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň gözelligine deňelýär. Bahar paslynda onuň gözelligini sazanda sazy bilen wasp etse, aýdymçy öz aýdymlary bilen wasp edýär, suratkeş öz döredijilik joşguny bilen onuň keşbini çekse, şahyr ajaýyp şygyrlary bilen onuň waspyny ýetirýär. Men hem öz gezegimde pasyllaryň seresini şygrym bilen wasp etmegi makul bildim:
Türkmeniň sährasy heýjana gelýär,
Bady-baran ýagyp, çaýlara dolýar.
Baglarda bilbiller hoş owaz kylýar,
Gözel Diýaryma bahar gelende.
Gazlar mekanyna dolanyp gelýär,
Pederleriň ruhy tirsegne galýar,
Beýik ösüşlere badalga berýär,
Gözel Diýaryma bahar gelende.
”Mugallymlar gazeti” gazeti. 19.03.2008ý.
Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp
öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy.