25.02.2023 Döredijilik152 .

Netije
(Iňlis tymsaly)


 Ýokary okuw mekdebinde professor psihologiýa dersinden netije çykarmak bilen baglanyşykly sapak geçýär.
 — Biz, köplenç, görýän zatlarymyz barada howlukmaç netije çykarýarys. Käbir ýagdaýda, aňymyzda öňden taýýar duran düşünjä görä netije çykaryp ýalňyşýarys. Käte bolsa pikir ýöretmek hem bizi ters ugra gönükdirýär. — Professor bir çybygy alyp, ony ikä bölýär. Soňam olary stoluň üstünde «T» harp görnüşinde goýýar. — Siz maňa şunuň nämedigini aýdyp bilersiňizmi?

 Talyplar ýerli-ýerden:
 — «T» harpy» diýip jogap berýärler.
 — Başga jogaba garaşmandymam — diýip, professor ýylgyrýar. — Tebigatda «T» harpy diýlen zat ýok. Adamlar haçandyr birwagtlar harp oýlap tapypdyrlar-da, «T» diýibem atlandyrypdyrlar. Soňam şol şekile meňzeş zat görseler: «T» harpy diýäýýärler. Ine, sizem şol «düzgünden» çykyp bilmediňiz. Sizi öňden bilýän zadyňyza köre-körlük bilen yňmagyňyz ýalňyşdyrdy.
 — Onda bu näme? — diýip, öňdäki oturan talyp soraýar.
 — Şunça ýyl uniwersitetde okabam, şunuň nämedigini bileňokmy? — diýip, professor ýylgyrýar.
 — Men size üýtgeşik zat görkezemok, bu — iki sany çöp.
 Mugallym ýerine geçýär-de, stolunyň üstünde ýatan kitaby ýokaryk galdyryp, talyplardan onuň reňkini soraýar. Talyplar: «Gyzyl» diýip jogap berýärler.
 — Ine, bu gezek welin siz gözüňiziň görýänine köre-körlük bilen ynanyp, pikirlenmekden ýüz öwrendigiňiz sebäpli ýalňyşdyňyz — diýip, mugallym başyny ýaýkaýar. — Hakykatda bu kitabyň reňki ýaşyl. Ýa siz entegem meniň bilen ylalaşaňzokmy?

 Talyplar başlaryny ýaýkaýarlar. Ýöne özleriniňkiniň dogrudygyna gözleri ýetip duranam bolsa, professoryň aýtjaklaryna garaşyp oturyberýärler. Professor kitaby beýlesine öwürýär. Onuň professora bakdyrylan tarapynyň, hakykatdan-da, ýaşyldygyny gören talyplara ýylgyraýmakdan başga ýol galmaýar.
 — Ine, görýäňizmi, bizi durmuşda, köplenç, ýalňyşdyrýan zatlaryň biri howlukmaçlyk. Biz gözümiziň görýän zatlaryndan badabat netije çykarmak bilen bolýarys. Aňyrsyna ýetenimizden soň welin giç bolýar. Şonuň üçinem ýagdaýa doly göz ýetirmezden, garşyňyzdakynyň pikirini ret etmäge howlukmaň. Hakykatdan hem, mamladygyňyz çyn bolsa, garşylyklaýyn pikiri ret etmäge wagt heran-haçanam tapylar.

Rus dilinden terjime eden Dursunjemal ATABAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 55-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 24.02.2023

Tmpedagog