23.02.2023 Döredijilik194 .

Garagözüň wepadarlygy
(Bolan waka)


 Alabaýlaryň ynsana hamraklygy, wepadarlygy hakynda köpügören ýaşululardan kän gürrüň eşidipdim. Emma öz durmuşymda bolup geçen bir waka munuň hakykatdan hem şeýledigine göz ýetirmegime sebäp boldy.

 Kakamyň gum içinde çopançylyk edýän tanyşlarynyň biri oňa naşyja alabaý güjügini sowgat berdi. Onuň daşky keşbine seredip «Garagöz» diýip at goýduk. Ol gyzgynjak süýtden doýandan soň, howlymyzyň içinde ýumak ýaly togalanypjyk ýörerdi.

 Wagtyň geçmegi bilen güjüjek ulalyp, haýbatly, peleň ýaly köpek bolup ýetişdi. Onuň agras garaýşynda wepadarlyk duýgusy şöhlelenip durdy. Garagöz asla özge ýerden ýal iýmezdi, öýüňki beýlede dursun, goňşy-golamyň towuk-jüýjesine-de agyz urmazdy. Köçede ygyp, syrgyn syryp ýörenini-de gören ýok. Ol mydama howlymyzy gorap gezerdi. Şonuň üçin bir ýere gitsek hem gapa gulp urulmazdy.

 Öýümiz obanyň çetinde bolansoň, ozal şagal, tilki towuklarymyza yzygiderli darar durardy. Öýümizde Garagöz peýda bolaly bäri, olaryň towuklarymyzdan tamalary üzülipdi. Emma günleriň birinde agzy tagam tapan şagal öýümiziň golaýyndaky günebakarly meýdana giren gyzyl horazymyzy gabyrdadyp basdy. Horaz goh turzup başlan dessine, ganatdan agyz uran şagal ogurlyk eden ýerinden ýumlukmak bilen boldy. Günebakarlykdaky alahasyrdyny aňan Garagöz şagalyň mekgesine mündi. Obanyň ýaş-ýeleňleri hem ellerine taýak alyp, onuň yzyndan kowdular.

 Esli ýere seňkildäp ylgan şagal daljygyp ugrady. Kowguçylaryň yzyndan galmajagyna göz ýetiren şagal agzyndaky awundan belli-külli tamasyny üzüp, öz janyny gutarsa kaýyl boldy. Kowguçylar galar umydy bilen, horazy taşlap gaçdy. Emma Garagözüň demine düşen şagal ondan aman sypmady.

 Soň-soňlaram obanyň çekene çopanlary şol töwerekde guýruksyz şagala kän duşupdyrlar. Emma şondan soň şagallaryň oba aralaşyp, towuk alanyny eşiden adam ýok.

Gülbahar MELÄÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 22.02.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog