03.01.2023 Döredijilik858 .

Mugallymçylyk kärini saýlap alandygyma begenýärin (Oýlanma)


   “Mugallym”, bu sözuň aňyrsynda umman ýaly çuň many ýatýar. Meniň pikirimçe, “mugallym” diymek “tutuş dünýä” diýmegi analdýar. Sebabi, çaganyň ilkinji gyzyklanmalary, dünýagaraýşy mekdep partasyndan baslanýar we elbet-de, bu ýerde esasy orun mugallymlara degişlidir.
  Bu dünýäde mugallymçylyk karinden has abraýly we mukaddes kär ýokdur. Dogry, her bir kariň öz orny bar, ýöne ähli kärdäki adamlary hem ilkibaşda mugallym terbiýeleýär. Beýik pedagog Ý. Kommenski mugallymçylyk karine şeýle baha berýär: “Ýer ýüzünde Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde iň mukaddes kär mugallymçylykdyr.”
  Adaty mugallym okuwça diňe gürrüň bermegi başaryar, ussat mugallym gürrüň berýän zadyny okuwça görkezmegi başarýar, beýik mugallym okuwçyny ruhlandyrmagy başarýar. Her bir mugallym ussat mugallym bolmagy başarmalydyr. Mugallymçylyk kärini saýlap alan her bir adam hemişe gözlegde bolmalydyr we hemişe täze-täze zatlary öwrenmeli hem-de şol öwrenen zatlaryny okuwçylary bilen paylaşmalydyr.
  Okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda olary durmuşa taýýarlamak, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek etmek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr.
  Bu mukaddes käri saýlap alan her bir adam öz karine höwes bilen ýapyşmalydyr we okuwçylarda ylym-bilime bolan söýgini, päk ahlak sypatlaryny, adamkärçiligiň asylly häsiýetlerini terbiýelemelidir. Mugallym ilkinji nobatda okuwça özuni söýdirmegi başarmalydyr, ony ruhlandyrmaly we her gün mekdebe höwes bilen barmagyny gazanmalydyr. Mugallymyň çeken zähmetiniň netijesi onuň okadan okuwçylarynyň bilim derejelerine bagly bolýar. Mugallymyň çeken zähmetiniň miwesi bolsa, okuwçylarynyň gazanan üstünlikleridir.
  Men mugallymçylyk kärini saýlap alandygyma örän begenýärin. Sebabi bu mukaddes kärde işlemek, okuwçylara bilim, terbiýe bermek, ylym öwretmek, olary ertirki güne höweslendirmek, durmuşda öz orunlaryny tapmaga kömek etmek we iň esasysy hem, her bir okuwçynyň ýüreginde olaryň söýgüli mugallymy bolup galmak menin üçin uly bagtdyr.

Altyn Kurbanowa
S.Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.



Tmpedagog