17.02.2023 Döredijilik96 .

Aşgabat


Geler tarypyň eşde,
Çar ýandan jahankeşde,
Görküň mysaly keşde,
Bagt şäherim Aşgabat!
Ak şäherim Aşgabat!

Bahar-ýazdyr gujagyň,
Mydam doly saçagyň,
Saýrar dutar-gyjagyň,
Bagt şäherim Aşgabat!
Ak şäherim Aşgabat!

Bürendiň bag-bossana,
Bezeg şygyr-kyssama,
Baky saňa waspnama,
Bagt şäherim Aşgabat!
Ak şäherim Aşgabat!

Guwançmyrat Alýarow,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.

“Balkan” welaýat gazeti 16.02.2023

Tmpedagog